Türkiýäniň dag kurortynda turan ýangynda 66 adam öldi
Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Kartalkaýa dag kurortynda bolan ýangynda azyndan 66 adam öldi diýip, “Hürriyet” gazeti içeri işler ministrine salgylanyp habar berdi. Ýaralananlaryň sany 50-den geçdi diýip, habarda bellenýär.
Ýangyn ir sagat üçde, 237 adamyň ýaşaýan 12 gatly agaç myhmanhanasynyň restoranynda başlandy. Aljyraňňy ýagdaýda penjireden böküp, azyndan iki adam öldi. Käbir myhmanlar myhmanhana otaglaryndaky düşek böleklerini ulanyp, daşaryk çykmaga synanyşdy.
Ýangynyň sebäbi häzirlikçe belli däl, hökümet derňew geçirmek üçin alty prokuror belledi. Wakanyň bolan ýerine onlarça ýangyn söndüriji ulag we 38 sany tiz kömek ulagy iberildi.
Myhmanhana halas ediş işlerini kynlaşdyrýan ýerde, dag üstünde ýerleşýär. Ýangyn diňe 10 sagat geçeninden soň öçürildi.