ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi

0
Russiýanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň "Nezawisimaýa Gazeta" neşirini Gurbanguly Berdimuhamedowy tankytlaýan makala çap edendigi üçin tankytlady. "Nezawisimaýa Gazetanyň" "Bitaraplyk ikinji Türkmenbaşynyň şahsyýet kultyny güýçlendirmek üçin bahana boldy" atly makalasynda Türkmenistanda Berdimuhamedow maşgalasynyň şahsyýet kultynyň näderejede güýçlenýändigine syn berilýär.


12-nji ýanwarda çap edilen we birnäçe günden soň pozulan bu makalada propagandanyň Gurbanguly Berdimuhamedowy şöhratlandyrmak üçin Türkmenistanyň bitaraplyk statusy ideýasyny ulanýandygy baradaky syýasy alymlaryň pikirleri getirilýär. Türkmenistan şu ýyl döwlet bitaraplygynyň 30 ýyllygyny uly dabara bilen bellemegi meýilleşdirýär.


Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň 17-nji dekabrda çap eden beýanatynda "Nezawisimaýa Gazetanyň" web sahypasynda "Bitaraplyk ikinji Türkmenbaşynyň şahsyýet kultyny güýçlendirmek üçin bahana boldy" atly makalasyna (Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu sözbaşyny "aşa ýakymsyz" hasaplaýar) soraglaryň habar beriş serişdelerinden gelýändigini öňe sürdi, emma haýsy habar beriş serişdelerden gelendigini anyklaşdyrmady. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, materialyň awtory Türkmenistanyň ýokary syýasy ýolbaşçylaryna “hüjüm edipdir”. Bu düşündiriş, material baradaky soraglaryň "atsyz" habar beriş serişdelerinden däl-de, Türkmenistanyň häkimiýetlerinden gelip çykandygyny aňladyp biler.




“Nezawisimaýa Gazeta”, adyndan belli bolşy ýaly, garaşsyz habar beriş serişdesidir we aslynda ol Kremliň resmi pozisiýasyny beýan etmek hem-de onuň Türkmenistandaky ýa-da başga bir ýurtdaky bähbitlerini öňe sürmek bilen meşgulanmaly däl. Ýöne bu, Russiýanyň Daşary işler ministrligini gazetiň üstüne tankyt bilen abanmakdan saklamady: “Makalada berlen bahalaryň Russiýanyň resmi pozisiýasy bilen hiç hili baglanyşygy ýok we dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezmeýär ... Hususan-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dinamikasyny ýokarlandyrmak Russiýanyň prezidenti W. W. Putiniň we Türkmen halkynyň milli lideri, Halk Maslahatynyň başlygy G.M. Berdimuhamedowyň arasynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahat edildi".


Şeýle hem beýannamada Russiýa Federasiýasynyň konstitusiýasynyň 29-njy maddasynyň söz we metbugat azatlygyny kepillendirýändigi bellenilýär.


"Nezawisimaýa Gazeta" neşiriniň web sahypasyndan aýrylan makala internet keşinde saklanýar. Onda awtor iki syýasy bilermeniň - Arkadiý Dubnowyň Telegram kanalynda beýan eden pikirine we Serdar Aýtakowyň "Nezawisimaýa Gazeta" bilen söhbetdeşlikde beýan eden pikirlerine salgylanýar.


Syýasy bilermenleriň pikirleriniň Russiýanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliklerinde şeýle ýiti reaksiýa döretmeginiň sebäplerine, olaryň hatda makalanyň adyny "ýakymsyz" atlandyryp, awtor "Türkmenistanyň ýokary syýasy ýolbaşçysyna hüjüm etdi" diýen netijä gelmegine hakykatda nämäniň esas döredendigine baha bermek kyn.


Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30-njy ýyl dönümi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyklar we propagandanyň muny Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultyny güýçlendirmek üçin nähili ulanjakdygy baradaky maglumatlary hüjüm hökmünde görkezmek kyn bolsa gerek.


Azatlygyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeleriniň habaryna görä, materialyň neşir edilmeginiň özi gahara sebäp bolupdyr, sebäbi ol guramaçylyk komitetiniň bitaraplygyň ýyl dönümine taýýarlyk meýilnamalarynyň ähmiýetini gowşadypdyr.


"Olar neşiriň birbada häkimiýetleriň iki meýilnamasyna zyýan ýetirendigini aýdýarlar, ýagny Arkadag bitaraplygyň awtory hökmünde görünmek isledi, şu ýyl 30 ýyl dolýar, şeýle-hem onuň üçin Milletiň Atasy statusy girizildi" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.


Rus syýasaty öwrenijisi Akradiý Dubnowyň "Bitaraplyk ikinji Türkmenbaşynyň şahsyýet kultyny güýçlendirmek üçin bahana boldy" atly makalada getirilen pikirinde şeýle diýilýär: "1990-njy ýyllaryň başynda Türkmenistanyň bitaraplygy ideýasynyň inisiatory öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowdy (2002-nji ýylda döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplanyp, 2003-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi we soňra türkmen türmelerinde dereksiz ýitirim boldy). Şyhmyradow ony Türkmenbaşy Birinjisine hödürledi, soňra BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn kararynda agzalyp, bitaraplyk statusynyň tassyklanmagyny gazandy".


Bellemeli ýeri, 9-njy ýanwarda bitaraplygyň 30 ýyllygyny bellemek boýunça guramaçylyk komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 67 ýaşly Gurbanguly Berdimuhamedowy ilkinji gezek milletiň atasy diýip atlandyrdy.




“Raşid Meredow, türkmen syýasatyndaky iň tejribeli köşk wekili, üstesine-de, türkmen režimini, şol sanda prezidentleriň şahsyýet kultyny döredenleriň biri ... Häzir režimiň binagärleriniň esasy wezipesi Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli lider - Arkadag kultynyň kem-kemden döredilmegi däl-de, Berdimuhamedow dinastiýasynyň häkimiýetde kanunlaşdyrylmagy, birnäçe nesliň höküm sürmegine ideologiki esas döretmekden ybarat" diýip, "Nezawisimaýa Gazetanyň" makalasynda syýasy bilermen Serdar Aýtakowyň öňe süren pikiri çap edildi.


Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň režimi haýsydyr bir tankytlara ýol bermeýär we ýurtda bar bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri berk döwlet gözegçiliginde saklaýar.


Görnüşinden, Türkmenistanyň häkimiýetleri rus metbugatyna hem gözegçilik etmek kararyna gelen bolmaly. Munuň örän üstünlikli ýerine ýetirilendigini bellemek gerek.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.