Kurtkasyndaky "satira jenaýat däl" diýen ýazgyny görkezen aktiwist tussag edildi
Aktiwist Serghiý Zinçenko Gazagystanyň demirgazygyndaky Kostanaýda, Gazak drama teatrynyň daş işiginde görkezen ‘tomaşasyndan’ soň tussag edildi diýip, “Naşa Gazeta” gazeti habar berýär.
Aktiwist şu gün özüniň "Satira jenaýat däl" diýen ýazgyly kurtkasyny görkezipdir.
Neşir wakanyň bolan ýerine bada-bat häkimligiň, polisiýanyň we prokuraturanyň işgärleriniň gelendigini we onuň "rugsat alynmadyk hereketlerini" bes etmegini talap edendigini belleýär.
Zinçenko hökümet işgärlerine "munuň piket ýa-da miting däl-de, eýsem spektakl, tomaşa" bolandygyny, "QazNews24" neşiriniň Almtyda tussag edilen awtory Temirlan Ensebeke raýdaşlyk bildirmäge synanyşykdygyny düşündirdi.
Zinçenko tomaşa görkezmek üçin bu ýeri saýlap almagynyň sebäbini düşündirip, teatrda häzir 20-nji asyryň syýasy tussaglarynyň türmesi barada döredilen "ALŽIR" spektaklynyň görkezilýändigini aýtdy.