ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Marko Rubio ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine tassyklandy

0
Birleşen Ştatlaryň Senaty 53 ýaşly respublikan Marko Rubiony ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine biragyzdan tassyklady. Bu wezipe ýewropa ýurtlarynyň daşary işler ministri wezipesine laýyk gelýär.


Ses berişlik ikinji gün agşamynda geçirildi. Rubionyň kandidaturasyny onuň özi bilen birlikde 99 senator goldady. Ol bu wezipä prezident Donald Tramp tarapyndan hödürlenip, 47-nji prezidentiň kabinetiniň ilkinji tassyklanan agzasy boldy.


Kubaly immigrantlaryň maşgalasyndan bolan Rubio respublikanlaryň konserwatiw “Çaý içişlik” hereketiniň ýolbaşçylarynyň biri bolup durýar.


Ol Florida Wekiller palatasyna we senatyna saýlandy, 2016-njy ýylda respublikan partiýadan prezidentlige kandidaturasyny goýdy.