HAMAS zamun alnan üç zenany boşatdy, Ysraýyl 90 palestin tussagyny azat etdi
Gaza zolagyndaky ýaraşyk bazar güni meýilleşdirilen wagtyndan üç sagat soň başlandy, sebäbi HAMAS (ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen topar) çalşylmaga degişli zamunlaryň sanawyny bermegi söz beren wagtyndan gijikdirdi.
Emma muňa garamazdan, atyşygy bes etmek ylalaşygy güýje girdi we urşy dowam etdirmegi goldaýan ysraýyl ministrleriniň üçüsi, garaşylyşy ýaly, işinden çekildi.
HAMAS zamun alnan üç aýaly, 24 ýaşly Romi Goneni, 28 ýaşly Emili Teila Damari we 31 ýaşly Doron Steinbreheri, 471 günlük ýesirlikden soň boşatdy we Ysraýyla berdi.
Ysraýyl muňa jogap edip palestinaly tussaglaryň 90 sanysny türmeden boşatdy.
Ýedi günden zamun alnan we diri adamlaryň ýene dört sanysynyň boşadyljakdygy aýdylýar.
Ýaraşygyň 42 güne niýetlenen birinji tapgyrynda 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda HAMAS söweşijileri tarapyndan zamun alnan adamlaryň 33 sanysy Ysraýyla dolanmaly.