ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Nawalnynyň aklawçylary 3,5 ýyldan 5,5 ýyla çenli azatlykdan mahrum edildi

0
Wladimir sebitiniň Petuşinskiý etrap kazyýeti syýasatçy Alekseý Nawalnynyň aklawçylaryny "ekstremist jemgyýete" gatnaşmak meselesinde günäli tapyp, türme tussaglygyna höküm etdi (Jenaýat kodeksiniň 282.1-nji maddasynyň 2-nji bölümi).


Wadim Kobzew umumy režim jeza koloniýasynda 5,5 ýyl, Alekseý Liptser 5 ýyl, Igor Sergunin 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, Mediazona habar berdi.


Kazyýet höküminde olaryň üçüsiniň hem türme möhletlerini tamamlaryndan soň üç ýyllap aklawçylyk işleri bilen meşgullanyp bilmejekdikleri aýdylýar.


"Ysigitler, siz gahrymanlar! Biz size buýsanýarys, siz Russiýanyň iň gowy adamlary!" diýip, olara höküm çykarylanda mejlisler otagyna girmegi başaran diňleýjiler gygyrdylar.


Döwlet prokuraturasy Kobzewe bäş ýyl 11 aý, Liptsere bäş ýyl 10 aý, Sergunine bäş ýyl alty aý türme möhletiniň berilmegini sorady. Bu möhletler olara ýöňkelen günä üçin kanunda göz öňünde tutulan we mümkin bolan iň ýokary jeza - alty ýyl ýakyndy.