ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Türkiýäniň Türkmenistana iberýän halysy köpelýär

0
2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkiýäniň Türkmenistana eden haly eksporty 3,5% ýokarlanyp, $4,9 milliona ýetdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp ýazýar.


2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Türkmenistana bahasy $225,085 bolan haly önümlerini eksport etdi, bu 2023-nji ýylyň noýabryndaky görkeziji bilen deňeşdirilende, halyçylykda meşhur bolan ýurda türk halylarynyň 14,2% köp getirilendigini görkezýär.


Habarda aýdylmagyna görä, Türkiýäniň geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda daşary ýurtlara iberen haly önümleriniň umumy möçberi 5% ýokarlanyp, olaryň umumy bahasy $2,6 milliarda ýetdi.