ru24.pro
World News in Turkmen
Декабрь
2024
1
2 3 4 5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Şoýgu Kabulda "Talybana" näme teklip edýär? YD-a garşy bilelikdäki göreşden we rus işewürliginiň hyzmatyna çenli

0
Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we ozalky Goranmak ministri Sergeý Şoýgu resmi sapar bilen Kabulda boldy. Bu şeýle ýokary derejeli rus resmisiniň "Talybana" ilkinji saparydyr. Olar öň Orsýet tarapyndan ekstremist we terrorçy diýlip ykrar edilen guramanyň wekilleri bilen Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň resmi gatnaşyklary ýola goýmak üçin gelmegine öz buýsanjyny gizlemeýärler.


Şoýgu öz saparyň çäginde "Talybanyň" ähli ýolbaşçylary bilen duşuşyp, Russiýanyň tizden "Talybany" terror guramalarynyň sanawyndan çykarjakdygyny aýtdy.


Şunuň bilen bir wagtda, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet dumasynda bu işleri amala aşyrmaklyga mümkinçilik berýän kanun kabul edildi.


Rus mediasynyň ýazmagyna görä, Şoýgu ykdysady, ulag-gatnaw we tranzit meseleleri, şeýle hem Owganystana gelip biljek rus işewür wekilleriniň fiziki taýdan howpsuzlygy barada hem pikir alşypdyr. Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň ýanynda, Orsýetiň hökümetiniň premýer-ministriniň orunbasary, daşary ykdysady işlere ýolbaşçylyk edýän Aleksandr Owerçuk hem boldy.


Mundan başga-da, Şoýgu "Talybanyň" "goranmak ministri" Muhammad Ýakub we "Talybanyň” “Içeri işler ministrliginiň başlygy" Sirajuddin Hakgani bilen duşuşyk geçirdi. Olar "Talyban" hereketiniň iki dürli ganatynyň ýolbaşçylarydyr. "Yslam Emirliginiň" ("Talyban" Owganystany şeýle atlandyrýar) sözçüsiniň orunbasary Hamidulla Fitrat Orsýet resmisiniň saparyna teswir berip, olaryň goranmak pudagynda hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Ýöne takyk näme barada gürrüň gideni belli däl.


Sergeý Şoýgunyň Kabula saparynyň ähmiýeti barada Nastoýaşeýe Wremýa telekanaly birnäçe hünärmen, hususan-da Owganystanyň ozalky diplomaty Gaus Janbaz, şeýle hem Gündogary öwrenijiler Igor Pankratenko we Ruslan Suleýmanow bilen söhbetdeş boldy.




Gaus Janbaz öň Owganystanyň Moskwadaky ilçihanasynyň sekretarydy. Onuň pikirine görä, Şoýgu:



Orsýetiň adyndan "Talybana" Owganystanyň içerki gepleşikleriniň ýola goýulmagyny teklip edip biler (Owganystany dolandyrýan ýokary gatlagyň arasynda, öňküleri ýaly düýpli düşünişmezlikler henizem bar),
Kabuly Orsýete bagly sebitleýin bileleşiklere goşulmaga çagyrar.


 


"Bu tötänleýin sapar däl. Onuň öňüsyrasynda Orsýetiň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow Yslamabatda we Kabulda ençeme gepleşikler geçirdi. Ýöne öňki ähli gepleşikler ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilipdi" diýip, "Talyban" Owganystanda häkimiýet başyna gelenden soň, ýurdy terk edip giden we häzir Kanadada ýaşaýan Gaus Janbaz nygtaýar.


"Russiýanyň esasy maksady näme? Russiýa Owganystandaky ornuny pugtalandyrmak isleýär, Owganystanyň üsti bilen bütin Merkezi Aziýada täsirini artdyrmakçy bolýar — diýip, ol düşündirýär. — Şoýgu öz saparynyň çäginde, Russiýanyň "owganlaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň çözülmegine ýardam bermek" isleýändigi barada, örän möhüm beýanat etdi. Şunuň bilen baglylykda, Şoýgu Owganystanda dürli toparlar bilen güýçleriň arasynda gapma-garşylygyň bardygyny gös-göni belleýär. Onuň esasy syýasy beýanaty bolsa, Russiýanyň bu meseläniň çözülmegine ýardam bermek islegidir".


"Şoýgunyň ýene bir möhüm habary; Russiýanyň bitewi Owganystany gorap, sebit gurluşlaryna goşulmak isleýändigi.


Emma häzirki wagtda Moskwada bu beýanatlary amala aşyrmagyň hakyky planynyň ýokdugyny belläp geçmeli. Şeýle hem Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň meýilnamasy-da ýok" diýip, öňki ilçi belleýär.


"Mundan ötri öňki hökümet darganda hem Russiýa Kabuldaky ilçihanasyny saklady, şeýle hem Owganystanyň Moskwadaky ilçihanasyny "Talybana" berdi. Ýurtlaryň howpsuzlyk we aňtaw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyny subut edýän ygtybarly subutnamalar bar. Umuman, Orsýetiň "Talyban" bilen aragatnaşygy häzire çenli Owganystanyň territoriýasynda goňşy döwletlere howp abandyryp biljek güýjüň peýda bolmagynyň öňüni almaga gönükdirilýär, aýratyn hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin" diýip, Gaus Janbaz düşündirýär.


Bu ugurda öňki diplomat "Talybanyň", belki-de, Orsýetiň goldawy bilen Owganystandaky beýleki terror toparlarynyň wekillerine garşy göreşip biljekdigi barada aýdan beýanatyna üns bermegi maslahat berýär.


Syýasy bilermen hem Gündogary öwreniji Igor Pankratenkonyň pikirine görä, Orsýet bilen "Talybanyň" arasyndaky ýakynlyk meýilleri öňden bäri bilinýär. Häzir bolsa Russiýa Günbatar ýurtlarynyň asla halamaýan "Talybany" bilen bileleşigi görkezmek isleýär. Günbatar ýurtlarynda "Talyban" häzire çenli terror gurama hasaplanýar we aýallaryň hukuklaryny bozýandygy üçin, "Talyban" berk tankyt edilýär.


"Russiýa üçin ABŞ-ny we Günbatary mümkin boldugyndan howsala saljak koalisiýany döretmek möhüm bolup durýar. Şoňa görä-de, "Talyban” beýle koalisiýada hyzmatdaş hökmünde ajaýyp bir pikir. Öňler Russiýa "Talyban" bilen aragatnaşygyny azyndan käbir düzgünler esasynda çäklendirip geldi. Indi Orsýetiň Daşary işler ministrligi "Talybanyň" maslahatlar üçin hyzmatdaşdygyny aýtdy. Şoňa görä olar bilen mümkin boldugyndan, hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr" diýip, Igor Pankratenko belleýär.


Gaus Janbaz ýaly Pankratenko hem Owganystandaky beýleki terror toparlarynyň wekillerine garşy göreşmek maksady bilen "Talybanyň" Orsýete goşulyp biljekdiginiň aradan aýrylmaýandygyny aýdýar.


"Talybanyň" Owganystanyň içinde köp kynçylyklary bar, olar DAIŞ bilen gapma-garşy gyrgynçylyga duçar bolýarlar" diýip, ol nygtaýar.


Şeýle-de, bu bilermen Merkezi Aziýanyň ýurtlary "Talyban" bilen gatnaşyklaryny ýola goýmaly bolarlar diýip hasap edýär, çünki munuň özi sebitde durnuklylygyň şerti bolup durýar.


"Häzirki "Talyban" 90-njy ýyllaryň "Talybany" däl. Öňküleriň öz ideologiýasyny öňe sürmek we ony Merkezi Aziýada ornaşdyrmak maksady barady — diýip, ol aýdýar. — Owganystandaky "Talyban" çynlakaý we uzak wagtlyk. Şoňa görä-de, bu ugurda Orsýet diňe Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň: Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň ýoluny dowam edýär. Şeýle hem ol "Talyban" bilen konstruktiw gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýar".


"Moskwa "Talybany" diňe ideologik maksatlar üçin peýdalanýar; Orsýetiň ähli hereketleri, ähli halklary, şol sanda hutlary HAMAS-y, “Hezbollany” goldaýandygyny görkezmek bilen ol ýa-da beýleki bir ugurda Günbatara gapma-garşy durýar. Muňa "Talyban" iň aýdyň nusgadyr hem-de bu Moskwa üçin amatly. Ýöne bu hyzmatdaşlygyň arkasynda manyly bir zat ýok" diýip, Gündogary öwreniji Ruslan Suleýmanow Nastoýaşeýe Wremýa telekanalyna düşündirdi.


Ol bilermen "Talybanyň" isleglerine garamazdan, Hytaýdan we Pakistandan tapawutlylykda, rus maýa goýujylarynyň Owganystany "düşünip bolmajak", "ekzotik" ýurt hasaplamagy dowam etdirýändigine we oňa maýa goýmaga howlukmaýandygyna ünsi çekdi.


"Talybanyň" terror guramalarynyň rus sanawyndan çetleşdirilmegi meselesini Suleýmanow ýönekeý bir formallyk hasaplaýar: "Olar onsuzam parahat ýagdaýda Russiýa gelýärler, Sankt-Peterburg ykdysady forumynda we beýleki çärelerde görünýärler. "Talybanyň" özi üçin, elbetde, bu örän ýakymly pursat, olaryň hökümeti dünýäniň hiç bir döwleti tarapyndan, şol sanda Orsýetde hem resmi taýdan ykrar edilmeýändigine garamazdan, özleriniň resmi ýagdaýda terrorist hasaplanmaýandygyny görýärler" diýip, Suleýmanow aýdýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.