ru24.pro
World News in Turkmen
Декабрь
2024
1
2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Lebapda kämillik ýaşyna ýetmän islenilmeýän göwrelilige duçar bolýan ýaş gyzlar köpelýär

0
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde islenilmeýän göwrelilige duçar bolýan kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar köpelýän mahaly, çaga dogrulýan hassahanalardaky käbir saglyk işgärleri ‘çaga söwdasy’ bilen meşgullanýar diýip, saglyk pudagyndaky çeşmeler aýdýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda islenilmeýän göwreliligiň ýol açýan netijeleriniň yzyny çaldy, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny, şeýle-de ýerli lukmanlaryň bu ýagdaýdan görýän 'peýdasyny' öwrendi.


“Soňky üç aýyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmän islenilmeýän göwrelilige duçar bolan 80-e golaý gyz göwreliligi togtatmak boýunça haýyş bilen merkezimize ýüz tutdular” diýip, Lebap welaýatynyň “Ene mähri” merkeziniň bir saglyk işgäri aýdýar.




Türkmenistanyň abort kanunçylygy islenilmeýän göwreliligiň aradan aýrylmagyny kynlaşdyrýar.


Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri gündogar sebitde şeýle ýagdaýa sezewar bolýan gyzlaryň esasan kämillik ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçylary bolandygyny aýdýarlar.


“Şeýle haýyş bilen merkezimize ýüz tutýan gyzlaryň aglabasy heniz 9-10-njy synplarda okaýan gyzlar. Aýtmaga-da dilim barmaýar welin, olaryň arasynda hatda dünýä injek çaganyň biologik atasyny bilmeýän gyzlar hem bar. Olaryň tas ählisi üpjünçiligi pes hojalyklarda önüp-ösen raýatlar” diýip, saglyk işgäri aýdýar.


Ol käbir lukmanlaryň islenilmeýän göwreliligiň netijesinde ýüz öwrülen çagalardan ‘özboluşly biznes’ hökmünde peýdalanýandyklaryny gürrüň berýär.


“Çagalaryndan ýüz öwürýän ýaş gyzlaryň bäbekleri perzent isleýän maşgalalara satylýar. Perzent edinmek isleýän gurply maşgalalar ‘Ene mähri’ merkeziniň çaga dogrulýan bölüminiň başlygynyň ýörite nobatyna ýazylýarlar. Perzentlige kabul edilýän ýüz öwrülen çagalar boýunça ähli resminamalar düzedilip, olar azyndan 5 müň dollara satylýar” diýip, saglyk işgäri aýdýar.


Azatlyk Radiosy mundan ozal 2021-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň çaga dogrulýan öýlerinde täze doglan çagalaryň kanun taýdan resmileşdirilmezden üçünji taraplara para-peşgeş esasynda ogullyk berilmegi bilen bagly wakalar barada habar beripdi.


Habarçylarymyz şonda welaýatlaryň birinde çaga dogrulýan hassahananyň başlygyna 15 müň manat pul berip, täze doglan çagany ogullyk alan bir maşgala bilen gürrüňdeş bolupdy.


Azatlygyň çeşmeleri bilen gürrüňdeş bolýan ene-atalar çagalary ogullyk edinmegiň aýbynyň ýokdugyny sebäbi, şeýle ýagdaýda çagalaryň ýetim galman, mähir bilen gurşalan maşgalalarda önüp ösýändigini aýdýarlar.


Habarçymyzyň soňky barlaglaryna görä, çaga söwdasy bilen meşgullanýan saglyk işgärleri hem özleriniň çagalara ýagşylyk edýändiklerine ynanýarlar. Olar ýüz öwrülen çagalaryň ýetimler öýünde ulalandan, perzent isleýän maşgalalarda önüp-ösmegini isleýändiklerini aýdýarlar.




Şeýle hadysalar il arasynda ýygjamlaşýan mahaly, islenilmeýän göwrelilige duçar bolan gyzlaryň täze dünýä inen çagalara özleriniň hossar gözleýän halatlary hem bolýar.


Şäheriň Merkez etrapçasynyň dükanlarynyň birinde satyjy bolup işleýän bir ýerli ýaşaýjy hut özüniň şeýle waka şaýat bolandygyny aýdýar.


“Günortan sagat bir töwereklerinde eli bäbekli, 16-17 ýaşlaryndaky bir gyz gelip, ‘şu töwereklerde perzent edinmek isleýän maşgala barmy’ diýip sorady. Ol özüniň daýysy tarapyndan jynsy zorluga duçar edilendigini we öýünden gaçyp, lukmanlaryň ýardamy bilen çagasyny sorandygyny gürrüň berdi. Ol öz çagasyny perzendi bolmadyk maşgala satmak isleýändigini aýtdy” diýip, dükan satyjysy aýdýar.


“Ene mähri” saglyk merkeziniň işgäri islenilmeýän göwrelilige duçar bolan gyzlaryň 95 göteriminiň täze doglan çagalardan ýüz öwürýändigini aýdýar.


Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli saglyk resmilerinden teswir alyp bilmeýär.


Türkmenistan şeýle wakalar boýunça resmi statistikalary köpçülige äşgär etmeýär. 


Şeýle habarlar ýygjamlaşýan mahaly, 2021-nji ýylda Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy esaslandyryldy.   


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.