Gürjüstan protestleriniň dördünji gijesi urup-ýençmeler we tutda-baslyklar bilen utgaşdy
Premýer-ministr Irakli Kobahidzeniň geçen hepde Gürjüstanyň arzuwy hökümetiniň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerini 2028-nji ýyla çenli togtadandygyny yglan etmegi bilen, paýtagt Tbiliside tapgyr dördünji gije geçirilýän gahaly protestleriň arasynda, Gürjüstanyň polisiýasy demonstrantlary urup-ýenjip, zor bilen dargatmak çärelerini gördi.
Lyža maskalaryny geýen polisiýa, parlament binasynyň golaýyndaky protestleriň öňüni almak üçin suw toplaryny ulanandan soň, köçelerde we şäher merkezindäki Rustaweli metro bekedinde söweş gurdy, 2-nji dekabrda, daňdan sagat 2 töwereklerinde başlanan tutda-baslyklarda bolsa, göz ýaşardyjy gaz we himiki serişdeleri ulanyp, has kän adamy tussag etdi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri polisiýanyň protestçileri dargadyp, Rustaweli adyndaky metro stansiýasyndan aňryk geçirenlerinden soň, birnäçe demonstranty tussag edendigini we ýenjendigini aýtdy.
Şu wagta çenli azyndan 200 adam tussag edildi, ýöne 4 million töweregi ilatly post-sowet kawkaz döwletinde dörän tolgunyşyklaryň soňky gijesinde tussag edilenleriň anyk sany entek belli däl.
"Tussag edilen demonstrantlaryň köpüsiniň kellesinde we ýüzlerinde ýara yzy bar, ýüz süňkleri döwlen, gözleriniň töweregi gögeren, açyk ýaralar hem bar. Olar tutulmak bilen ulaglarda daşalmak arasynda eýýäm hyryn-dykyn bolan tussaghanalara yzygiderli ýenjildi" diýip, Prezident Salome Zurabişwili X-de 2-nji dekabrda paýlaşan habarynda aýtdy.
Öten agşam tussag edilenleriň arasynda oppozisiýadaky “Girchi-More azatlyk” partiýasynyň esaslandyryjysy Zura Girçi Japaridze hem bar.
Premýer-ministr Kobahidze Zurabişwiliniň möhleti dolansoň, şu aýyň ahyrynda işinden aýrylmalydygyny aýtdy. Bu beýanat on ýyl bäri ýurdy dolandyran “Gürjüstan arzuwy” geçen aýda geçirilen milli saýlawlarda ýeňendigini aýdanyndan soň, konstitusiýa dawasynyň dowam edýändigi sebäpli, prezidentiň öz wezipesinden gitmejekdigini söz bermegine garaman edildi.
Zurabişwili we oppozisiýa saýlawda ýol berlen galplyklary we beýleki bikanunçylyklara salgylanyp, dowam edýän kanuny kynçylyklara garamazdan, geçen hepde 14-nji dekabrda täze prezident üçin gytaklaýyn saýlaw geçirmek kararyna gelen täze parlamenti ykrar etmekden ýüz öwürýärler.
Gürjüstanlylaryň aglaba köplügi ýurduň ÝB agzalygyny goldaýar we Bileleşige goşulmak baradaky tagallalar Gürjüstanyň konstitusiýasynda hem nazarda tutulýar.
Emma dolandyryjy partiýanyň, "Gürjüstan arzuwynyň" şu ýyl jemgyýetçilik guramalaryna we daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän habar serişdelerine garşy çykýan kanuny Kabul etmegi, Zurabişwiliniň we tankytçylaryň "rus kanuny" diýýänini, şeýle-de Kobahidzniň we beýleki resmileriň LGBT hukuklaryna, Günbatara jemgyýetçilik hüjümleri baradaky gapma-garşylykly kanun taslamasyny goldamagy häzirki hökümetiň ýurdy yzyna, Russiýanyň orbitasyna alyp barýandygy baradaky gorky-howatyrlary döretdi.
Günbatar hökümetleri oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryny, onda "Gürjüstan arzuwynyň" 54% ses alandygyny öňe sürmegini, saýlawlaryň düzgün bozulmalary we Russiýanyň täsiri bilen geçirilendigi barada aýdylýanlara salgylanyp, sorag astyna aldy.
Demonstrantlar 1-nji dekabrda jemgyýetçilik teleýaýlymynyň, 1-nji Kanalyň howlusyna ýygnanyp, onuň girelgesini petiklediler we bu ýerde guramanyň ýolbaşçylary işden çekilýänçä galmak wadasyny berdiler.
Şeýle-de, demonstrantlar ruslara dostlukly "Gürjüstan arzuwynyň" ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy çykýan protestçiler, Ýewropa tarapdar toparlar barada habar berilmegini talap etdiler.
Bu ýerde ýa-da mejlis binasynyň golaýynda tussag edilen ýa-da ýaralan adamlaryň bolandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady, ýöne “Current Time”, “Häzirki zaman” neşiriniň wideosy protestçileriň uly toparlarynyň suw toplary we göz ýaşardyjy gaz bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, howpsuzlyk işgärleriniň olara garşy duruşlaryny görkezdi.