Gürjüstanda täze protestler başlandy, demonstrantlar ýaýlym binasyny petikledi
Gürjüstanyň premýer-ministri prezidentiň şu aýyň aýagynda, gitmezlik wadasyny berendigine garamazdan, möhleti dolanda wezipesinden aýrylmalydygyny aýtdy. Hökümete garşy protestçiler, onuň goldaýan adamlary ýene-de köçelere çykyp, paýtagtyň esasy ýerlerinde howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.
Demonstrantlar 1-nji dekabrda jemgyýetçilik teleýaýlymynyň, 1-nji Kanalyň howlusyna ýygnanyp, onuň girelgesini petiklediler we bu ýerde guramanyň ýolbaşçylary işden çekilýänçä galmak wadasyny berdiler.
Şeýle-de, demonstrantlar ruslara dostlukly "Gürjüstan arzuwynyň" ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy çykýan protestçiler, Ýewropa tarapdar toparlar barada habar berilmegini talap etdiler.
Bu ýerde ýa-da mejlis binasynyň golaýynda tussag edilen ýa-da ýaralan adamlaryň bolandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady, ýöne “Current Time”, “Häzirki zaman” neşiriniň wideosy protestçileriň uly toparlarynyň suw toplary we göz ýaşardyjy gaz bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, howpsuzlyk işgärleriniň olara garşy duruşlaryny görkezdi.