ru24.pro
World News in Turkmen
Ноябрь
2024
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10
11 12 13 14 15
16
17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27
28
29
30

Eýran nädip ruhy hassalykdan repressiýa guraly hökmünde peýdalanýar

0
Awtokratik döwletler tankytçylary abraýdan gaçyryp, olary tussag etmekde öňden bäri ruhy hassalyk aýyplamalaryndan peýdalanyp gelýär.


Eýranda häkimiýetler ýurduň yslam ulgamynyň möhüm sütüni bolan hijap kanunyny bozýan aýallary barha köp psihologik taýdan durnuksyz adam hökmünde tagmalap başlady.


Bu çäreler Eýranyň ulamalar häkimiýetine garşy ozal görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýeten protestlere, şeýle-de has giň syýasy we sosial erkinliklere barha köp çagyryş edilýän wagtlara gabat gelýär.


Ekspertler eýran häkimiýetleriniň hökümet tankytçylaryny yzarlamakda jeza beriji psihiatriýadan peýdalanýandygyny aýdýarlar, ýagny olar adamlara gözegçilik etmekde, jezalandyrmakda ýa-da olary jebir-süteme sezewar etmekde psihiatrik diagnozlardan, bejergilerden we psihiatrik edaralardan peýdalanýarlar.


“Biziňki ýaly ýurtlarda akyl taýdan näsag bolmak tabu bolany üçin, häkimiýetler özleriniň hukuk bozmalaryny aklamakda jemgyýetçilik duýgudaşlygyny gazanmak maksady bilen, akyl saglygy boýunça aýyplamalardan peýdalanýarlar” diýip, Ýewropada ýaşaýan eýranly psihoterapewt we aktiwist Medis Tawakoli Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna, Farda Radiosyna aýtdy.


'Sagdyn adamlary hassa hökmünde tagmalamak'

Ilkinji gezek, 2023-nji ýylyň iýulynda kazylar hijap geýmekden ýüz öwren üç tanymal aktrisa barada “ruhy näsag” hökmünde höküm çykardylar.


Ozal görlüp-eşidilmedik bu çäre eýranly belli psihologlar tarapyndan ýazgaryldy. Olar kazyýetiň öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanýandygyny aýtdylar.


Häzir bolsa, häkimiýetler başyny örtmekden ýüz öwürýän aýallar üçin Tähranda sagaldyş merkeziniň döredilýändigini yglan etdiler.


Tähranyň Ýagşylygy wagyz edip, Ýamanlykdan el çekdirmek edarasy 12-nji noýarda bu sagaldyş merkeziniň yslamyň egin-eşik düzgünini amal etmekden boýun gaçyran aýallara “ylmy we psihologiki bejergileri” hödürlejekdigini aýtdy. Başga jikme-jiklik berilmedi.


Muňa jogap hökmünde, eýranly psihologlar “sag adamlary hassa hökmünde tagmalamagyň” ýol açyp biljek netijeleri boýunça alada beýan etdiler.




Şu aýyň başlarynda Tähranyň bir ýokary okuw jaýynda aslyşmalara protest bildirip, egin başyny çykaran ýaş zenan psihiatrik bejergi astyna alnypdyr, bu hem aktiwistler tarapyndan “bikanun” hasaplandy.


Psihiatriýadan syýasylar tarapyndan hyýanatly peýdalanylmagy boýunça tassyk bolan wakalar bar, bu, hususan-da Sowet Soýuzynda dissidentlere garşy giňden ulanylýardy. Soňky ýyllarda Hytaý, Demirgazyk Koreýa we Russiýa ýaly ýurtlarda häkimiýetler özleriniň içerki tankytçylaryny ruhy taýdan näsag hökmünde tagmalap gelýär.


Halkara günä geçiş guramasyna görä, Eýran 2022-nji ýyldan bäri bolup geçýän görlüp-eşidilmedik protestlerde hijaba garşy çykýan aýallara garşy ruhy saglyk aýyplamalaryny hem-de beýleki “ýigrenç mazmunly beýanatlary” barha köp ulanyp gelýär.




2022-nji ýylyň sentýabr aýynda hijap kanuny bozmakda aýyplanyp, tussag edilen ýaş zenanyň tussaglykda heläk bolmagyndan soňra, ýurt boýunça häkimiýetlere garşy birnäçe aýlap dowam eden protestler tutaşdy.


Soňy bilen Eýranda teokratiýa garşy şu wagtda çenli iň bir durnukly häsiýetde dowam etdirilen demonstrasiýalara öwrülen protestleriň başyny aýallar çekdi, käbir protestçiler ruhanylar dolandyryşynyň soňuna çykylmagyna çagyryş etdi.


“Hökümetler öz başlaryna ähli tankytçylardan dynyp bilmeýärler” diýip, Tawakoli aýdýar. “Bir usul – tankytçylary tagmalap, olara günä ýöňkemeklik. Şeýlelikde, haçan-da olar tankytçylardan dynanlarynda jemgyýet erbet oýunçylardan dynylandyr öýdýär” diýip, ol belledi.


'Alternatiw jeza'

Hijap kanunyny bozýan adamlar üçin häkimiýetleriň sagaldyş merkezini esaslandyrmak boýunça kabul eden kararlary Eýranda giň garşylyga sebäp boldy.


Tähranda ýaşaýan zenan hukuklary boýunça aktiwist we dokumental film režissýory Mojgan Ilanlou “şeýle ajaýyp pikirleri” öňe süren adamlara özüniň “gynanýandygyny” aýtdy.


“Olar şeýle zatlaryň adamlaryň gülküsini tutdurýandygyny hemmelerden gowy bilýärler” diýip, ol Farda Radiosyna aýtdy.


Häkimiýetler soňky birnäçe ýyl bäri baş örtüklerinden barha köp boýun gaçyrýan jemgyýetde aýallary hijap geýmäge mejbur etmek maksady bilen, bir topar çäreleri durmuşa geçirdi.


Geçen aýda güýje giren Hijap we Namys hakynda kanunlar jemgyýetçilik ýerinde “nädogry” geýnen adamlara garşy 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezalaryny we hökümlerini göz öňünde tutýar.


Eýran häkimiýetleri Tährandaky “bejeriş” merkeziniň “alternatiw jeza” hökmünde hyzmat edip biljekdigini aýtdylar.


Ýöne Ilanlo şeýle merkez açmak bilen, häkimiýetleriň hijap babatyndaky göreşde “ýeňilýändiklerini” aýtdy.


Eýranda ýaşaýan syýasy aktiwist Pouran Nazemi aýallaryň “garşy çykýandyklaryny” aýtdy.


“Men häkimiýetleriň jemgyýetiň isleýän zadyna garşy durmagy dowam etdirip biljekdiklerine şübheli garaýaryn” diýip, ol Farda Radiosyna aýtdy.