10 aýda Özbegistana 145 müňden gowrak türkmenistanly syýahata bardy
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 145 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etmäge bardy diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp habar berdi.
Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bu ýurda syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 5-nji orunda durýar, bu döwürde Özbegistana 145,1 müň türkmenistanly syýahat edipdir.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, hasabat döwründe Özbegistanda Täjigistandan 1 million 878 müň, Gyrgyzystandan 1 million 870 müň, Gazagystandan 1 million 267 müň, Russiýa Federasiýasyndan 686 müň syýahatçy gelipdir.
Bu döwürde Özbegistana baran syýahatçylaryň umumy sany 6,5 milliona ýetipdir.