ru24.pro
World News in Turkmen
Ноябрь
2024
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10
11 12 13 14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Türkmenistan dünýäde we sebitde öz tebigy gaz serişdeleriniň hyrydarynyň köpdügini aýdýar

0
Türkmenistan özüniň tebigy gaz serişdeleriniň global bazarlarda uly isleglerden peýdalanýandygyny, halkara hyzmatdaşlar bilen bu ugurdaky söwda gepleşikleriniň ýygjamlaşýandygyny aýdýar. Energetika ekspertleri dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň, dördünji orunda durýan ýurduň sebitdäki eksport kuwwatyny sorag astyna alýarlar.


“Bu günki günde türkmen gazyna bolan islegler demirgazyk, günbatar we gündogar ugurlary boýunça ýokarlanýar. Şonuň üçin, biz her günde dürli-dürli alyjylar we ýurtlar bilen gepleşikler tapgyryny geçirýäris” diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen halkara nebit-gaz konferensiýasynyň çäklerinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara maslahata ýokary derejeli nebit-gaz resmileri, daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de energetika pudagynda iş alyp barýan ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de media guramalarynyň birnäçesi gatnaşdy.


Bu maslahat Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna ünsi çekdi, ýurduň eksport ugurlary we bu ugurda göz öňünde tutulýan meýilnamalar barasynda käbir täze maglumatlary köpçülige äşgär etdi.  




Bu konferensiýanyň dowamynda türkmen gazynyň Russiýa ugry boýunça eksport edilmeginiň eýýäm üstümizdäki ýylyň ortalarynda togtadylandygy mälim boldy.  Iki ýurduň arasynda 2019-njy ýylda bäş ýyl möhlet bilen baglaşylan gaz şertnamasynyň möhletiniň uzaldylmandygy baradaky maglumatlary, bu konferensiýadan ozal, ne türkmen, ne-de rus resmileri köpçülige mälim edipdi.


Ýatlasak, 2016-njy ýylda Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagy bes eden Russiýa 2019-njy ýylyň iýun aýynda ýylda bäş milliard kub metre çenli türkmen gazyny satyn almak barasynda bäş ýyl möhlet bilen şertnama baglaşypdy.


Döwlet eýeçiligindäki rus media serişdeleri “Türkmengaz” konserniniň başlygy Maksat Babaýewe salgylanyp, iki ýurduň arasyndaky gaz şertnamasynyň möhletiniň baha sebäpli uzaldylmandygyny aýdýar.


Ykdysadyýetiniň agramly bölegi esasan ýangyç eksportlaryna garaşly galýan Türkmenistan häzirki wagtda esasan Hytaý ugry boýunça tebigy gaz eksport edýär.


Şol bir wagtda, türkmen resmileri Merkezi Aziýa sebitinde hem Türkmenistanyň mawy ýangyjyna bolan islegleriň ýokarlanýandygyny, şeýle-de, Eýran, Yrak, Türkiýe we ondan aňry Ýewropa ugurlary boýunça eksport mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem göz öňünde tutulýandygyny aýdýar.


Galyberse-de, Türkmenistan indi ençeme ýyllardan bäri Günorta Aziýa ýurtlaryna, Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana-da gaz ibermegiň hem üstünde işleýär.


“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew nebit-gaz forumynyň meýdançalarynda eden çykyşynda Türkmenistan bilen goňşy Gazagystanyň arasyndaky gaz ylalaşyklarynyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, şeýle diýdi:


“Gazagystan türkmen gazyny satyn almaga isleg bildirýär. Taraplaryň arasynda degişli gepleşikleriň ýakyn wagtda başlamagyna garaşylýar, we hemme zat täjirçilik şertlerine esaslanar” diýip, Arçaýew aýtdy.




Türkmenistan 2022-nji ýylyň dekabr aýynda goňşy Özbegistan bilen hem ilkinji gezek gaz şertnamasyna gol çekip, bu ýurda ýylda iki milliard kub metre çenli tebigy gaz ibermek boýunça ylalaşyk gazanypdy.


Ýöne energetika synçylaryna görä, Russiýanyň Özbegistan we Gazagystan bilen arada gaz söwdasyny giňeltmek tagallalary Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bar bolan eksport mümkinçiliklerini çäklendirip bilýär.


Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts Türkmenistan bilen Özbegistan we Gazagystan arada bar bolan gaz geçiriji ulgamlaryň ýurtlaryň arasynda gaz söwdasynyň ýola goýulmagyna mümkinçilik berýändigini, ýöne munuň amala aşyrylmagynda syýasy erkiň tehniki zerurlyklardan has möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.


“Tehniki taýdan, uly bir mesele ýok. Ýöne syýasy taýdan, eýýäm bu başga mesele. Özbegistan, Gazagystan we Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlyk etse, bu maksadalaýyk bolar. Özbegistan we Gazagystan gaza mätäç. Türkmenistan gaz eksportyna mätäç. Ýöne, muňa garamazdan, olar elmydama-da wagtlaýyn ylalaşykdan başga ylalaşyk gazanyp bilmeýärler. Munuň aňyrsynda, bahalar boýunça düşünişmezlikleriň ýatan bolmagy hem mümkin” diýip, Robert aýtdy.   


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň geçen aýda Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.


Ýöne türkmen metbugaty mundan ozal hem birnäçe gezek Gazagystanyň türkmen gazyna gyzyklanma bildirýändigini gaýtalap gelýär. Soňky sapar şeýle maglumatlar hökümetçi neşirlerde 2022-nji ýylda giňden paýlaşylyp başlanypdy. Ýöne muňa garamazdan, taraplar heniz bu ugurda gutarnykly ylalaşyk gazanyp bilmedi.


Ýerli metbugat 2023-nji ýylyň mart aýynda türkmen gazynyň Gazagystana iberilip başlanjakdygyny aýtdylar. Ýöne bu hem amala aşmady.


Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan arasyndaky gaz gepleşikleri Russiýanyň Özbegistan we Gazagystan bilen gaz ylalaşyklaryny giňeltmek tagallalarynyň kölegesinde galýar.




Russiýa 2023-nji ýylyň awgustynda Gazagystan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlaryny öz içine alýan “üçtaraplaýyn gaz birleşigini” döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny we “muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini” aýtdy. Bu beýanatyň yz ýany, “Türkmengaz” döwlet konserni bu meselede Türkmenistanyň hem bähbitleriniň bolandygyny aýdyp, “üçtaraplaýyn gaz ylalaşygy” diýilýän babatynda Russiýadan aýdyňlyk talap etdi.


Synçylar Russiýanyň Gazagystan we Özbegistan ugurlary boýunça gaz eksportlaryny artdyryp, rus gazynyň Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen hem Hytaýa gytaklaýyn eksport edilip bilinjekdigini aýdýarlar.


Ýurtlaryň arasyndaky gaz söwdasy boýunça bahalar aýan edilmeýär, ýöne Ýangyç meseleleri boýunça Oksford institutynyň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çap eden hasabatynda “Kommersant” rus neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, Özbegistan 1000 kub metr rus gazyna 160 dollar töleg töleýär we Russiýadan ýylda 2,6 milliard kub metre çenli gaz satyn almak barada ylalaşydyr. Ýöne hasabat Özbegistan üçin transport ýeňillikleri we ýakyn aralyk sebäpli türkmen gazynyň has arzan bolup biljekdigini aýdýar.


Türkmenistandan uç alýan Merkezi Aziýa – Merkez gaz geçirijisi-de, Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi-de Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär. Ýagny, Türkmenistan – Russiýa gaz geçirijisi Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçip, Russiýa barýar. Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi-de Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär.


Britaniýaly energetika bilermeni sebit ýurtlarynyň arasynda gaz ylalaşyklarynyň ýola goýulmagyna Russiýanyň kanun taýdan garşy çykmaga hukugynyň ýokdugyny, ýöne onuň syýasy we howpsuzlyk haýbatlary bilen bu söwdalara gatyşyp bilýändigini çaklaýar.


“Russiýa olaryň [özara gaz söwdasyna] rugsat berermi? Bu sorag geň. Bu meselä Russiýanyň näme dahyly bar? Elbetde, onuň hukuk taýdan hiç hili dahyly ýok. Megerem, biz bu ýerde syýasy we howpsuzlyk basyşlary barada gürrüň edýäris” diýip, Roberts aýtdy.


Ol, meselem, Gazagystanyň bu babatda deňagramly energetika eksport syýasatyny işläp düzendigini, “Russiýanyň göwnüne degmän, şol bir wagtda Russiýanyň hem öz göwnüne degmegine rugsat bermän” özboluşly energetika syýasatyny durmuşa geçirmegi başarandygyny aýtdy. Bilermen bu babatda Özbegistanyň hem birmeňzeş syýasaty alyp barýandygyny belledi.


Ýöne onuň ynanjyna görä, Türkmenistan bu ugurda esasan “Russiýanyň göwnüne degmezlige” has köp üns berýär.


Türkmen resmileri oktýabr aýynda Türkmenistan, Eýran we Yrak arasynda üçtaraplaýyn swap ylalaşygyna gol çekip, Yrak Respublikasyna her günde 20 million kub metr türkmen gazynyň iberilip başlanjakdygyny aýtdylar.




Aşgabatda geçen energetika forumynda resmiler bu ugur boýunça gaz eksportlarynyň şu ýylyň ahyrlaryna çenli başlanjakdygyny mälim etdiler.


Jon Roberts Türkmenistan we Eýran arasynda, şeýle-de Eýran we Yrak arasynda bar bolan gaz geçiriji ulgamlaryň kuwwatyna baha berip, bu ulgamlaryň swap şertnamasyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.


Ýöne ol türk ýangyç resmileri bilen geçiren özara gürrüňdeşliklerine salgylanyp, Türkiýäniň türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen däl, Hazar deňziniň üsti bilen, Günorta gaz koridory arkaly kabul etmäge has köp isleg bildirýändigini aýtdy.


“Meniň türk nebit-gaz resmileri bilen geçiren söhbetlerime görä, Türkiýe [türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen] kabul etmäge mähirli garamaýar. Olar türkmen gazynyň iş ýüzünde swap ylalaşygy arkaly Eýrandan gelmegini islemeýärler. Munuň bir sebäbi, kabul edilen gazyň bir bölegi soňy bilen Ýewropa Bileleşigine eksport edilip bilner. Ýewropa Bileleşigi bolsa, belli bir derejede Eýrana garaşly bolan gaza isleg bildirmezler” diýip, Roberts aýtdy.


Hormatly diňleýjiler, siz bu makalanyň doly görnüşini Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň öňümizdäki sanynda diňläp bilersiňiz!


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.