ru24.pro
World News in Turkmen
Ноябрь
2024
1
2
3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Lebapda ogullary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalara basyş edilýär

0
Lebap welaýatynyň harby bölümleri, daşary ýurtlarda okaýan erkek raýatlaryň sanawlaryny gaýtadan seljerýär we goşun gullugy ýaşyndaky ýigitleriň ene-atalaryny soraga çekýär. 


Türkmenistanda erkek raýatlaryň harby gulluga çagyrylmagynyň güýzki möwsümi dowam edýär. Bu günler ýurduň gündogar sebitiniň etraplarynda we şäherlerinde kämillik ýaşyna ýeten erkek raýatlar degişli harby bölümlerine çagyrylýar.


Bu aralykda Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň harby bölüminiň işgärleri daşary ýurtlaryň ÝOJ-nda bilim alýan erkek ýaşlaryň hasabatlaryny täzeleýärler. Bu barada Lebap welaýatynyň raýatlary harby gulluga çagyrmak işini alyp barýan harby bölümdäki çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.




“Türkmenistanyň goranmak ministrliginden dilden berlen görkezme esasynda, daşary ýurtlarda okap ýörän erkekleriň sanawyny we degişli resminamalaryny her üç aýdan täzeläp durmaly. Bu sebäpli harby gulluga çagyryş bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda okaýan ýaşlaryň ene-atalary bilen işlerini işjeňleşdirdiler” diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Çärjew etrabynyň guşçulyk obasynyň we Çärjew şäherçesiniň ýaşaýjylaryndan çagalarynyň daşary ýurtda okaýanlygyny tassyklaýan resminama, arçynlykdan  maşgala agzalarynyň sany we nika statusyny görkezýän resminama ýaly dokumentleri her üç aýdan täzeläp durmak talap edilýär. Etrabyň harby bölüminiň işgärleriniň talabyndan ýüz öwürýän ene-atalara haýbat atýarlar.


Şuňa meňzeş ýagdaýyň Türkmenabat şäherinde hem giňden ýaýrandygyny türkmenabatly ene-atalar gürrüň berdiler.


“Bu siziň borjuňyz. Eger-de resminamalary wagtynda getirmeseňiz, çagaňyzy okaýan ýurdundan deportasiýa etdirip, Türkmenistana dolanar ýaly ederis we gerek bolsa, Serhetabada gulluga ugradarys” diýip Çärjew şäherçesiniň ýaşaýjysy harby işgäriň sözlerini sitirleýär.


Serhetabat ýurduň Owganystan bilen durnuksyz serhedinde ýerleşýär. Geçmişde serhet ýakasynda ýerleşýän harby bölümlerde esgerleriň arasynda ölüm wakalarynyň birnäçesi barada köpçüligine mälim bolupdy.  


Şeýle-de bolsa, häkimiýetleriň haýbatlaryna garşylyk görkezýän raýatlar hem bar. Türkmenabatly ene şeýle gürrüň berdi:


“Öň her alty aýda sorardyňyz, indi näme sebäpden her üç aýdan resminamalary täzelemeli diýýarsiňiz? Her üç aýdan resminama toplamaga wagtymyz ýok, biz hem bir döwüm çörek diýip, ertirden agşama çenli işleýäris. Degişli buýrugyň metbugatda çap edilen ýa-da kagyzda ýazylan resmi nusgasyny görkezip bilermisiňiz diýip soranymda, maňa: 'Siz kanunçymy? Men size hiç zat  görkezmäge borçly däl. Siziň ogluňyz Watanyň öňünde borçly. Gaharymy getirmäň, ýogsa çagaňyzy Guşga [Serhetabada] ugradarys' diýip, maňa haýbat atdylar” diýip, ogly daşary ýurtda okaýan türkmenabatly ene başdan geçirenlerini gürrüň berdi.




Lebap welaýatynyň harby bölümindäki çeşme, düzgüne laýyklykda degişli resminamalaryň her 6 aýda täzelenmelidigini, gerekli resminamalary degişli etrap we şäher harby bölüminiň işgärleriniň özleriniň toplamalydygyny belleýär.


“Düzgün boýunça gerekli resminamalary harby bölümindäki jogapkär işgärler degişli döwlet edaralaryna ýüzlenip almaly. Bu harby bölüminiň jogapkär işgäriniň işi. Harby bölüminiň işgärleriniň talabyny ýerine ýetirmedik ene-atalara kanun esasynda hiç-hili çärä göz öňünde tutulmaýar, hatda ene-atalar harby prokuraturasyna ýüz tutmaga hem haky bar" diýip Lebabyň harby edarasyndaky çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi. 


Daşary ýurtlarda okaýan goşun gullugy ýaşyndaky türkmen ýaşlarynyň ene-atalaryna basyş edilmegi bilen bagly ýagdaýlar barda habarçylar tarapyndan öňem maglumat bolupdy.




Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýylda iki gezek güýzde we bahar aýlaryndaky çagyryş möwsümi ýaşlar we ene-atalar üçin örän aladaly geçýär. 


Goşun gullugyndaky agyr şertler, dürli bidüzgünçilikler we hatda esgerleriň ölümine sebäp bolýan zorluklar raýatlaryň harby gulluga islegsizligine getirýär. Bu problemalary açyk boýun almaýan türkmen häkimiýetleri goşundaky şertleri öwrenip, çäre görmegiň ýerine goşunyň düzümini artdyrmak üçin raýatlara basyş we zor görkezmegini dowam etdirýär.  


Mundan öň daşary ýurtlarda okaýan türkmen raýatlarynyň ýurduna kanikul döwründe baran wagtynda aeroportdan harby gulluga alnyp gidilmegi, orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň ekzamenleri tabşyryp ýetişmänkä goşuna alynmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi bolupdy.


Azatlygyň habarçylary harby gulluga  ýarawsyz raýatlaryň hem alynmagy bilen bagly ýagdaýlar barada maglumat beripdi. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.