Täjik aktiwisti deportasiýa edilmezinden öň öz janyna kast etmäge synandy
Täjigistanly oppozisiýa aktiwisti Dilmurod Ergaşew Germaniýadan Täjigistana deportasiýa edilmezinden öň öz janyna kast etmäge synanyşdy diýip, “The Insider” onuň oppozisiýadaky egindeşi Şarofiddin Gadoýewe salgylanyp habar berýär.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri ony deportasiýa türmesindäki kamerasynda gana bulaşyp ýatan halda görüpdirler.
Ol öz garnyna, bedenine we gollaryna kesik ýaralaryny salypdyr, gan damaryna zyýan ýetiripdir. Keselhanada onuň ýaralaryna tikin saldylar. Ýöne, düşen ýagdaýyna garamazdan, Ergaşewiň 6-njy noýabr güni irden deportasiýa edilmegine garaşylýar.
“Täjigistana gaýdyp barmagyň Emomali Rahmonyň režiminiň gutulgysyz haklaşygyny we rehimsiz repressiýalary aňladýandygyna düşünen Ergaşew öz janyna kast etmäge synanyşdy. Ergaşew režimiň “gassaplarynyň” eline düşeninden ölenini has gowy gördi” diýip, neşir Gadoýewiň sözlerine salgylanyp ýazdy.