ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2024
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20 21 22 23 24 25
26
27
28
29
30
31

Ysraýylyň žurnalistler binasyna zarbasy üç media işgärini öldürdi – Döwlet neşiri

0
Ysraýylyň Liwanyň günorta-gündogarynda žurnalistleriň ýaşaýan binasyna uran howa zarbasy üç metbugat işgärini öldürdi diýip, Liwanyň döwlet eýeçiligindäki milli habar gullugy 25-nji oktýabrda habar berdi.


Düýbi Beýrutda ýerleşýän “Pan-Arab Al-Mayadeen” teleýaýlymy anna güni irden öldürilen žurnalistleriň arasynda öz iki işgäriniň bolandygyny aýtdy.


Liwanyň Hizbullah toparynyň Al-Manar teleýaýlymy öz kameraçysy Wissam Kassimiň Hasbaýa sebitine edilen howa hüjüminde öldürilendigini aýtdy.


Ýerli “Al Jadeed” habar stansiýasy wakanyň bolan ýerinde düşürilen wideony, ýumrulan binalary we “PRESS” diýen belgili, tozana we harabalyga gömlen awtoulaglary görkezdi.


Ysraýyl goşuny bu zarbadan öň duýduryş bermedi. Liwan-Ysraýyl serhedinde 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda başlanan atyşyklardan bäri birnäçe žurnalist öldürildi.