ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2024
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20 21 22 23 24 25
26
27
28
29
30
31

Türkiýedäki terror hüjüminde bäş adam öldi, 20-den gowrak adam ýaralandy

0
TUSAŞ aerokosmiki kompaniýasynyň binasynyň girelgesinde birnäçe adamyň amala aşyran partlamasy we atyşygy netijesinde Ankarada bäş adam ölüp, 20-den gowrak adam ýaralandy diýip, Türkiýäniň içeri işler ministri Ali Ýerlikalaýa habar berdi. Ol bu hüjümi terrorçylykly hüjüm diýip häsiýetlendirdi.


Türkiýäniň NTV teleýaýlymy hüjümçileriň TUSAŞ binasyna günortan wagtynda, adaty takside gelendigini habar berdi. Olar ellerine ýaraglaryny alyp, binanyň içine girmäge synanyşdylar, ýöne howpsuzlyk işgärleri tarapyndan saklandylar. Şondan soň partlama boldy. Görnüşinden, janyndan geçen hüjümçi özüni partlatdy.


Habar berilmegine görä, binanyň içinde atyşyk bolan bolmagy mümkin. Bu ýerde howpsuzlyk güýçleri we tiz kömek ulaglary ýerleşdirildi, sebit gabaw astyna alyndy.


Işgärlere gaçybatalgalarda gizlenmegiň tabşyrylandygy aýdylýar. Ýöne habar serişdeleri terrorçylaryň binanyň içinde zamun alan bolmagynyň mümkindigini habar berdiler. Bu hüjüme näçe terroristiň gatnaşýandygy anyklaşdyrylmaýar.


Içeri işler ministri polisiýanyň hüjümçileriň ikisini öldürendigini aýtdy.


Çarşenbe güni agşam, Habertürk polisiýanyň “TUSAŞ binasyna gözegçilik astyna alandygyny” habar berdi.