ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2024
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Gürjüstan tolgunşyklary öjükdirýän galp wideo, audio ýazgylar barada duýdurýar

0
Gürjüstanyň howpsuzlyk güýçleri şu aýyň aýagynda geçmeli parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýurtda bidüzgünçilikleri öjükdirmegi maksat edinýän galp wideolary we audio ýazgylary ýaýratmagy planlaşdyrýandygy aýdylýan çäreler barada duýdurdy.


Gürjüstanyň Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, syýasy güýçler bilen ilteşiklidigi aýdylýan aýdyňlaşdyrylmadyk bir topar, emeli aň we beýleki ýokary derejeli tehnologiýalaryň üsti bilen ýasalan ýalan audio ýazgylary ýaýratmaga taýýarlyk görýär. Bu audio ýazgylaryň Gürjüstanyň hökümetiniň agzalarynyň sesleridigi aýdylýar.


Bu duýduryş Gürjüstanda syýasy dartgynlylyklaryň artan döwrüne gabat geldi. Şu ýylyň dowamynda “daşary ýurt agentleri” baradaky dawaly kanunyň kabul edilmegi hem ýagdaýlary ýitileşdirdi.


Gürjüstanda möhüm parlament saýlawlary 26-njy oktýabrda geçmeli.