ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2024
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Ysraýyl Hezbollahyň Liwandaky berkitmelerine zarba urdy

0
Ysraýylyň Hezbollah toparynyň Liwanyň günortasyndaky nyşanalaryna uran zarbasy uly weýrançylyklary döretdi. ABŞ Hezbollahy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär.


Ysraýylyň 16-njy oktýabrda uran zarbasynda binalar weýran boldy we şäher häkimi heläk boldy. Mundan birnäçe sagat öň Ysraýylyň Siriýa we Gaza hem zarba urandygy mälim edildi.


Bu aralykda, Birleşen Ştatlar Ýemende Eýran tarapyndan goldanylýan Huthi jeňçileriniň ýarag ammarlaryna howa zarbasyny urandygyny aýtdy. Huthi jeňçileri mundan bir ýyl ozal Hamas toparynyň Ysraýyla hüjüm etmeginden soň Gazadaky urşuň başlanmagyndan bäri, Ysraýyla garşy dowamly dronlar bilen hüjüm edýär. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamas toparyny terrorçy gurama hökmünde ykrar edýärler.


17-nji oktýabrda Ysraýyl Siriýanyň port şäheri Latakiýadaky bir ýarag ammaryny nyşana aldy diýip, Siriýanyň Adam Hukuklary boýunça uruş Gözegçilik merkezi habar berdi.


Hüjüm barada beýanat bermeýän Ysraýylyň harbylary Hezbollah toparyny Siriýanyň üsti bilen goňşy Liwana ýarag daşamakda aýyplaýar.