ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2024
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tramp Putin bilen telefonda gürleşendigini tassyklamady, ýöne munuň “akyl iş” boljakdygyny aýtdy

0
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp wezipesinden gideninden bäri, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşip-gepleşmändigi barada maglumat bermekden saklandy, ýöne muny amal eden bolsa, munuň paýhasly bir iş bolan boljakdygyny aýtdy.


“Men bu barada teswir bermeýärin” diýip, Tramp Çikago Ykdysadyýet Klubunda geçirilen sorag-jogap çäresiniň dowamynda aýtdy.


“Ýöne size bir zady aýdaýyn, muny eden bolsam, bu akylly bir zat. Men adamlar bilen dostlukly, eger-de adamlar bilen aragatnaşyk saklap bolýan bolsa, bu gowy zat we ýurt derejesinde erbet zat däl” diýip, Tramp belledi.


“Washington Post” neşiriniň žurnalisti Bob Woodward ýakynda çap eden kitabynda Trampyň 2021-nji ýylyň ýanwarynda Ak Tamy terk edeninden bäri, Putin bilen ýedi gezek şahsy telefon söhbetdeşligini geçirendigini ýazdy.


Mundan başga-da, Woodwardyň özüniň kitabynda belleýşi, pandemiýanyň iň ýokary bolan döwürlerinde, Tramp gizlin ýagdaýda Putine COVID-19 test enjamlaryny ýollapdyr.


Trampyň metbugat wekili Stewe Çeung bu maglumatlary ýalan atlandyrdy.