ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2023

Parižde alty adam pyçaklandy, hüjümçi polisiýa tarapyndan atyldy

0
11-nji ýanwarda Parižiň meşhur “Gare du Nord” demirýol menzilinde bir adam pyçakly topulyp, alty adamy ýaralady diýip, Fransiýanyň içeri işler ministri aýtdy.


Sowuk ýarag bilen ýaraglanan hüjümçi ir sagat 6:43-de birnäçe adama, şol sanda polisiýa ofiserine topuldy diýip, Gerald Darmanin ady aýdylmadyk hüjümçiniň häzirki wagtda keselhanada, "ölüm bilen diriligiň arasynda" ýatandygyny hem sözüne goşdy.


Ýaralananlaryň arasynda birnäçe ýolagçy bilen birlikde serhet polisiýasynyň ofiseri hem bar, hüjüm edilenleriň biri egninden çynlakaý ýaralanyp, gyssagly bejergi aldy diýip, resmiler aýtdy.