ru24.pro
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Türkmenistan Hytaýa on aýda $8,23 milliardlyk tebigy gaz satdy

0
Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaýa 8,23 milliard dollarlyk tebigy gaz eksport etdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53% ýokary bolýar. “Biznes Türkmenistan” bu habary TASS habar gullugynyň Hytaýyň baş gümrük müdirligine salgylanyp çap eden maglumaty esasynda berdi.


Bu aýlarda Russiýa Hytaýa 3 milliard 100 million dollarlyk tebigy gaz iberipdir. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 182% köp bolýar.


Hytaý on aýda geçiriji arkaly Mýanmadan ($1,13 milliard), Gazagystandan ($996,5 million) we Özbegistandan ($916,7 million) hem tebigy gaz aldy.


Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça çekilen üç gaz geçirijisi ýylda 55 milliard kubmetr gaz ibermäge mümkinçilik berýär.


Habarda bellenmegine görä, Türkmenistan geçen ýyl Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.