ru24.pro
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Moldowanyň prezidentlik saýlawlarynda Günbataryň tarapdary Maýa Sandu ýeňiş gazandy

0
Bütindünýä bankynyň öňki ykdysadyýetçisi Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklary goldaýan Maýa Sandu, Moldowadada geçlen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy.


16-njy noýabrda çap edilen deslapky netijelere görä, Sandu sesleriň 57% -ini aldy.


Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, sesleriň 99%-tiniň sanalmagynda 43% sesi orsýetçi häzirki prezident Igor Dodon.


Sandunyň tarapdarlary ýeňşi "Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň" (MMB) merkezinde bellediler.


15-nji noýabrda geçirilen saýlawda sea berijileriň gatnaşyk derejesi 52%-den gowrak bolup, birinji tapgyra gatnaşanlardan 10% ýokarlandy. 


Netijede, öňki sowet respublikasynyň syýasy geljegi bilen baglanyşykly çekeleşikli bäsdeşligiň iň soňky netijeleri ýurduň Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşjagyny ýa-da Moskwanyň orbitasyna has berk çekiljegini kesgitledi.