Pompeo Ysraýyla sapar edýär
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 13-nji maýda Ysraýyla sapar edip, premýer-ministr Benýamin Netanýahu we Ysraýylyň täze hökümeti bilen meseleleriň giň gerimini, şol sanda Eýranyň Ýakyn Gündogardaky hereketlerini we COVID-19 pandemiýasyny maslahat edýär.
Gepleşikleriň dowamynda “Eýranyň sebiti durnuksyzlaşdyrmak boýunça alyp barýan çäreleri, Siriýadaky hereketleri we Hizballanyň Liwandaky işleri” hem maslahat ediler diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýakyn Gündogar boýunça kömekçisi Dawid Şenker (David Schenker) geçen hepde maglumat berdi.
Şenker ABŞ-nyň ýanwarda prezident Donald Tramp tarapyndan hödürlenen Ýakyn Gündogar baradaky parahatçylyk planyna laýyklykda hereket etmegini dowam etdirýändigini belledi. Netanýahu bu plany gowy garşylady, emma palestinalylar muňa çürt-kesik garşy çykdylar.
Şenker saparyň dowamynda Pompeonyň palestin resmileri bilen duşuşygynyň planlaşdyrylmandygyny hem mälim etdi.