ru24.pro
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Türkmenistanyň prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy noýabrda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.


TDH-nyň maglumatyna görä, taraplar ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, dürli ugurlarda işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler. 


Şeýle-de neşir Hisarjyklyoglunyň türk kompaniýalarynyň Türkmenistandaky taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklandygyny habar berýär. Şol bir wagtda gepleşikleriň hiç bir jikme-jikligi anyklaşdyrylmaýar.


Habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyran türk kompaniýalary soňky ýyllarda Aşgabat bilen arada dörän dürli ylalaşmazlyklar esasynda türkmen bazaryndan çekilmäge köp ýykgyn edýär.