ru24.pro
World News in Turkmen
Июнь
2018

Türkmenistanyň prezidentiniň uçary bir hepdede iki gezek Germaniýa geldi

0
Türkmenistanyň prezidentiniň uçary bir hepdäniň dowamynda ikinji gezek Germaniýa geldi.


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň flightradar24.com saýtyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidentiniň Boing 737 uçary 14-nji iýun güni ir sagat 7-de Frankfurt aeroportuna gelip gondy.


Bu uçar şondan 2,5 sagat soň Germaniýadan yzyna, Türkmenistanyň paýtagtyna uçdy.


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu uçaryň 10-njy iýunda hem Frankfurta gelendigini habar berýär. Ýöne ol gezek Boing 737 Frankfurtda biraz az saklandy, ýagny 1,5 sagat durup, soň yzyna, Aşgabada uçdy.


Şeýle-de neşir bu uçaryň soňky bir ýylyň dowamynda Germaniýa we Angliýa birnäçe gezek baryp gaýdandygyny belleýär.


Türkmen häkimiýetleri prezidentiň uçarynyň daşary ýurtlara amala aşyrýan uçuşlary baradaky habarlara hiç bir düşündiriş bermeýär.