ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2018

ÝB Günorta Ossetiýadaky ýagdaýlaryň ‘çynlakaý aladalanma’ döredýändigini aýdýar

0
Ýewropa Bileleşigi Günorta Ossetiýa separatist regionynda gürjüstanly bir adamyň öldürilmeginiň we başga-da iki sanysynyň tussag edilmeginiň “çynlakaý aladalanmalara sebäp bolýandygyny” aýdýar.


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerininiň metbugat wekili Maýa Koçiýançiçiň 25-nji fewralda ýaýradan beýanatynda, ÝB-niň Arçil Tatunaşwiliniň ölümi bilen ilteşikli derňewlere goldaw bermäge taýýardygy aýdylýar.


Russiýa tarapyndan goldanylýan separatist regiondaky häkimiýetler 35 ýaşyndaky Tatunaşwiliniň ýürek näsazlygy sebäpli 22-nji fewralda türmede aradan çykandygyny aýdypdylar.


Gürjüstanyň resmileri we Tatunaşwiliniň dogan-garyndaşlary onuň jesediniň Tbiliside medisina derňewinden geçirilmegini talap edýärler.