ru24.pro

World News in Turkmen

Новости от Russia24.pro

Russia24.pro Каталог
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Все новости

Aşgabadyň metjitlerinde baýram namazyny okamaga müňlerçe adam gatnaşdy, metjitlere we köçelere güýç gulluklarynyň ýüzlerçesi ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda 20-nji martda bellenilýän Oraza baýramynda paýtagtyň metjitlerinde baýram namazy okaldy. Metjitleriň käbirine müňlerçe adam bardy. Aşgabadyň häkimiýetleri baýrama birnäçe gün galanda paýtagtdaky we onuň etegindäki metjitlerde, köçelerde we köpçülik ýerlerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi. Şeýle-de, paýtagtdaky we onuň etegindäki metjitleriň ymamlary ilaty baýram namazyny öz ýaşaýan ýerindäki metjitlerde okamaga çagyrdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 20-nji martda paýtagtdan maglumat berdiler. Читать дальше...

Tramp Ýakyn Gündogara, mümkinçiliklerini açyk saklamak üçin, goşun ibermek ähtimallygyny seljerýär – media

Azathabar.com 

ABŞ-nyň birnäçe habar serişdeleri çeşmelerine salgylanyp, prezident Donald Trampyň Ýakyn Gündogardaky operasiýalary güýçlendirmek üçin goşmaça müňlerçe amerikan guryýer goşunyny ibermegiň mümkinçiligini göz öňünde tutýandygyny habar berdi. Şeýle ädim Trampa Eýrana garşy uruşda goşmaça mümkinçilikleri döreder. Bu habarlaryň öň ýany, 19-njy martda Trampyň özi sebite goşmaça goşuny ýerleşdirýändigini ret etdi. Şeýle-de bolsa, onuň bu mümkinçiligi göz öňünde saklap galýana çalym etdi. “Men hiç ýere goşun ýerleşdiremok” diýip... Читать дальше...

FH: Türkmenistan dünýäde iň azat däl ýurtlaryň biri bolmagynda galýar

Azathabar.com 

"Freedom House" guramasynyň 2026-njy ýylda Dünýädäki Azatlyk boýunça täze çap eden reýtinginde Merkezi Aziýanyň sowetlerden soňky bäş döwletiniň ählisi "Azat däl" diýlip häsiýetlendiriýär we dünýäde azatlygyň iň az bolan ýurtlarynyň hatarynda galýar. Hasabatyň awtorlary muny birnäçe faktoryň utgaşmagy - garaşsyz metbugata edilýän basyş, raýat jemgyýetine gözegçiligiň güýçlendirilmegi we hakyky syýasy bäsdeşligiň ýok edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. “Freedom House” guramasynyň maglumatlaryna görä... Читать дальше...

Kamçybek Taşiýew Baýram namazyna gatnaşyp, derňewleriň fonunda halkdan ötünç sorady

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň öňki başlygy Kamçybek Taşiýew Baýram namazyndan soň, özi barada "myş-myşlaryň we ýalan gürrüňleriň" ýaýradylandygyny aýdyp, halkdan ötünç sorady. "Allanyň razylygy üçin we şu günki Baýram namazynyň hormatyna, göwnüne degen ýa-da nädogry çemeleşen her bir musulmanymdan ötünç soraýaryn. Şeýle-de, Allanyň razylygy we Baýramyň hormaty üçin, kim gep-gybat edip, ýalan gürrüňleri ýaýradan bolsa, olaryň hemmesini bagyşladym. Goý, olar indi erbet gürrüň etmesinler... Читать дальше...

Zaporižýede üç adam öldürildi, dört adam ýaralandy

Azathabar.com 

Rus zarbalary Zaporižýede üç adamyň ölümine, dört adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Orsýetiň soňky 24 sagadyň dowamynda Zaporižýe sebitine eden hüjümleri netijesinde üç adam öldi we dört adam, şol sanda bir çaga ýaralandy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi. Onuň sözlerine görä, rus goşunlary soňky 24 sagadyň dowamynda sebitiň 40 ilatly nokadyna 864 zarba urdy. 20-nji marta geçilýän gije Zaporižýa etrabyna urlan zarbalar netijesinde 30 ýaşly aýal öldi, 48 ýaşly erkek we 10 ýaşly oglan ýaralandy. Читать дальше...

Özbegistanda baýramçylyklardan öň 400-e golaý tussagyň günäsi geçildi

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Nowruz we Ramazan baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda 392 tussagyň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi diýip, prezidentiň metbugat gullugy habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, 223 tussag esasy jezalaryndan doly boşadyldy, 82 tussag şertli ýagdaýda boşadyldy, 34 tussagyň jezalary ýeňil jezalar bilen çalşyryldy we 53 tussagyň jeza möhletleri azaldyldy. Günäsi geçilenleriň arasynda üç daşary ýurt raýaty, 26 aýal, 60 ýaşdan ýokary 14 erkek we 30 ýaşdan kiçi 166 adam bar. Читать дальше...

Belarus häkimiýetleri 250 syýasy tussagy türmeden boşatdy

Azathabar.com 

Belarus häkimiýetleri 250 syýasy tussagy jeza öýlerinden boşatdy. ABŞ Belarusyň Ösüş bankyna we Maliýe ministrligine garşy sanksiýalary ýatyrdy. Belarus häkimiýetleri syýasy tussaglaryň toparyny boşatdy, olaryň içinde jemgyýetçilik işgärleri, oppozisiýa aktiwistleri, žurnalistler we 2020-nji ýyldaky protestlere gatnaşan adamlar hem bar. Bu habar Belarusyň garaşsyz metbugat serişdelerinde çap edildi. Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy aktiwist Kim Samusenkonyň we “Belsat” teleýaýlymynyň žurnalisti... Читать дальше...

Pekin Aşgabady ‘gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmäge’ çagyrýar, bilermen Hytaýa ‘doly garaşly galmak’ howpuny duýdurýar

Azathabar.com 

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde, Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy. Bilermenler Eýrandaky uruş we Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaýlar sebäpli dörän ýangyç krizisiniň arasynda, Aşgabadyň Hytaýyň basyşy astynda energiýa serişdelerini akdyrmak boýunça diňe Pekine garaşly bolup galmak howpy barada duýdurýarlar. Şeýle-de Türkmenistanyň Günbatar ugry boýunça “gysga wagtyň... Читать дальше...