ru24.pro
World News
Март
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Türkmenistana amala aşyran saparyny jemledi

0
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti 10-njy martda Ýewropa Parlamentiniň delegasiýasynyň ýaňy-ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň jemleri boýunça beýanat çap etdi.


Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti 25-27-nji fewralda Türkmenistanda saparda boldy.


Bu saparyň çäklerinde “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” parlamentara dialogynyň sekizinji mejlisi hem geçirildi.


Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa parlamenti bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.


Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti adam hukuklaryny goramak, gender deňligi we raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermek ýaly ugurlardaky özgertmelere ünsi çekdi.


Taraplar Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny hem-de onuň sebit durnuklylygyny saklamakdaky roluny, şeýle-de energetika we transport pudaklaryndaky ösüşleri nygtadylar diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti aýdýar.


Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti türkmen raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen hem duşuşdy diýip, beýanat aýdýar.


Bulardan başga-da, myhmanlar Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherine-de sapar edipdirler. Saparyň iň soňky gününde ýewropa wekiliýeti Türkmenistanyň Adalat, Bilim, Energetika we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň resmileri bilen duşuşpdyrlar.


Bu sapar Ýewropa Parlamentiniň hem-de Türkmenistanyň barha çylşyrymlaşýan geosyýasy şertlerde birnäçe ugurlarda, şol sanda adam hukuklary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we sebit durnuklylygy ýaly ugurlarda özara ygrarlylygyny nygtaýar diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti aýdýar.