ru24.pro
World News
Февраль
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24
25
26
27
28

Türkmenabatda polisiýanyň maýyp adama zorluk görkezmegi ilatda nägilelik döretdi

0
Türkmenabat şäherinde bir polisiýa işgäriniň dilegçilik edýän gartaşan ýaşdaky maýyp adama garşy eden zorlugy daş-töwerekdäki köp adamyň arasynda nägilelik döretdi. Bu waka, polisiýa işgärleri bazarlaryň töweregine reýd geçirip, köçe söwdagärlerine garşy göreşini güýçlendiren mahaly boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji fewralda sebitden maglumat berdi.


“23-nji fewralda “Gök” bazaryň içinde we golaýyndaky ýoluň ugrunda ýerde oturyp, söwda edýän köçe söwdagärlerine garşy giň gerimli reýd geçirildi. Satyjylaryň arasynda sadaka soraýan, dilegçilik edýän raýatlar, şol sanda maýyplar hem bardy” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Şaýatlaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri bazaryň içinden satyjylary kowmak işini “Arçabil” söwda merkeziniň töwereginden başlap, ýolboýy dowam etdirdi.




"Maýyby gazap bilen depip, zor bilen kowdy"

“Şonda dilegçilik edýän gartaşan ýaşdaky maýyp adama ýakynlaşan bir polisiýa işgäri oňa ýerinden turmagy buýurdy. Maýyp ýaşulyň ýerinden turmagy kyn bolansoň, polisiýa işgäri ony gazap bilen depip, zor bilen kowdy” diýip, waka şaýat bolan ýene bir ýaşaýjy gürrüň berdi.


“Gök” bazar bilen “Lebaptelekomyň” binasynyň arasyndaky ýoluň ugrunda bolan bu wakany gören köp adam, esasanam aýallar zorluga garşy çykyş edip, polisiýa işgäriniň eden-etdiligine açyk nägilelik bildirdiler.


“Aýallar: “Sen näme edýärsiň? Ataňdan hem uly adam! Üstesine-de, ol maýyp, ony görüp dursuň ahyryn” diýip gaharlandylar. Emma polisiýa işgäri has-da gazaplanyp, öz gaharyny şol satyjylaryň harytlaryndan çykardy” diýip, şaýatlaryň ýene biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


"Men han, men soltan"

"Ol süýt we konserwa önümleri satylýan plastik gaplary depip, ýerli halkyň öňünde paýyş sözleri ulanyp, öz güýjüni görkezmäge çalyşdy: “Bu ýerde men han, men soltan! Gerek bolsa prezidentiňe hem arz edip bilersiň!” diýip, paýyş sözleri hem ulanyp haýbat atdy" diýip, söhbetdeşimiz belledi.


Şaýatlaryň tassyklamagyna görä, bu zorlugyň arkasynda polisiýanyň beýleki işgärleri hem bardy. Fiziki taýdan güýçli we daýaw polisiýa işgärleri öz kärdeşiniň eden zorlgyny synlap, oňa garşylyk görkezmän, onuň eden-etdiligini goldaýardylar.


“Satyjylar näme diýjegini bilmän, harytlaryny ýygnap gitmäge mejbur boldular. Şeýle hem, ýoldan geçip barýan ýaşaýjylar bu wakanyň şaýatlary bolup, maýyp adama kömek etmäge-de het edip bilmediler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.


Azatlyk bu waka barada sebitiň Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.




Türkmenistanda häkimiýetler öz hususy hojalygynda ösdürip ýetişdiren ýa-da taýýarlan gök-bakja, süýt-gatyk we konserwa önümlerini bazarlaryň golaýynda satýan ownuk söwdagärlere we dilegçilere garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.


"Köçäniň gelşigini gaçyrýar"

Azatlygyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky habarçylary bu reýdleriň dowamynda polisiýa işgärleriniň söwdagärlere, dilegçilere garşy gödek çemeleşmegi, olaryň harytlaryny depmegi ýaly wakalar barada mundan ozalky ýyllarda hem birnäçe gezek maglumat beripdiler.


Bellesek, häkimiýet wekilleri dilegçileriň “ýurduň abraýyna kölege salýandygyny” aýdýan mahaly, söwdanyň bu görnüşiniň gadagan edilmeginiň sebäbini harytlaryň döwlet arassaçylyk barlagyndan geçmeýändigi, söwdagärleriň salgyt tölemeýändigi, olaryň köçäniň gelşigini gaçyrýandygy bilen düşündirýärler.


Söwdagärler bolsa, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda, özleriniň resmi ýagdaýda bazarda ýer almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar. Olar munuň sebäbini bazar tekjeleriniň aýlyk töleginiň aşa gymmatdygy bilen düşündirýärler.


Alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurtda garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan, dilegçilik edýän we zibil dörýän raýatlar köpelýär.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.