ru24.pro
World News
Февраль
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28

Trans-Hazar geçirijisi gurulsa, Ankara ýylda 15 milliard kub metre çenli türkmen gazyny alar – Türk ilçisi

0
Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy Ankara türkmen gazynyň importyny ýylda 15 milliard kub metre çenli artdyrmak mümkinçiligini berer diýip, “Interfaks” habar gullugy Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokyň žurnalistlere aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.


"Gysga möhletde biz türkmen gazynyň barter meýilnamasy arkaly Eýranyň üsti bilen iberilmegine uly ähmiýet berýäris, uzak möhlet barada aýdylanda, Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy gazy biziň ýurdumyza we Ýewropa bazarlaryna çykarmak mümkinçiligini berer” diýip, “News Central Asia” neşiri türk ilçisine salgylanyp ýazdy.


BOTAŞ bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky gepleşikler netijesinde, 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Eýranyň üsti bilen Türkiýä ýylda, barter meýilnamasy esasynda 2 milliard kubmetre çenli tebigy gaz ibermek ylalaşygyna gol çekildi. Bu gazyň iberilmegi şu ýylyň 1-nji martynda başlar diýip, Demirok aýtdy.