ru24.pro
World News
Январь
2025

Rubio ABŞ-nyň zamunlar üçin “Talyban” liderleriniň başyna baýrak belläp biljekdigini aýdýar

0
Bu toparyň Owganystanda has köp amerikan zamunyny saklaýan bolmagynyň ähtimaldygy belli bolanyndan soň, Birleşen Ştatlar "Talybanyň" ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň başyna peşgeş belläp biler diýip, döwlet sekretary Marko Rubio 25-nji ýanwarda aýtdy.


"Ýaňyja eşidýärin, “Talyban” habar berleninden has kän amerikalyny zamanlykda saklaýar” diýip, Rubio X platformasynda aýtdy.


"Eger bu çyn bolsa, biz olaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary üçin derrew örän uly möçberde peşgeş bellemeli bolarys, belki-de Bin Laden üçin goýlan baýrakdan has uly" diýip, ol "Al-Kaýdanyň" liderini we 11-nji sentýabr terror hüjümleriniň baş guramaçysyny nazarda tutup aýtdy.


Bin Laden 2011-nji ýylda, ABŞ harby güýçleriniň Pakistanda geçiren gijeki hüjüminde öldürildi.


ABŞ resmileri we habar beriş serişdeleri şu hepdäniň başynda neşe we terrorçylyk aýyplamalary bilen Kaliforniýada ömürlik tussaglyga höküm edilen “Talyban” erkeginiň deregine Owganystanda saklanýan iki amerikalynyň boşadylandygyny tassykladylar.


Owganystanyň Daşary işler ministrligi azat edilen iki amerikalynyň atlaryny anyklaşdyrmady, ýöne ABŞ metbugatynyň habarlaryna we maşgala agzalarynyň aýtmaklaryna görä, olar Raýan Korbet we William MakKenti diýip bilinýär.


“Talybanyň” 2022-nji ýyldan bäri saklanýan beýleki iki amerikalysy - Jorj Glezmann we Mahmud Habibi barada hiç zat aýdylmady. Rubionyň bu zamunlary nazara alandygy ýa-da däldigi belli bolmady.