Lebapda içege ýokançlyklarynyň bir görnüşi köpelýär
Täze ýyl baýramçylygynyň arasynda, Lebap welaýatynda içgeçme we beden gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly alamatlar bilen lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan adamlaryň sany artýar.
Gündogar sebitden bolan bir saglyk işgäri bu keseliň içege ýokançlyklarynyň bir görnüşi bolan salmonellýoz keseli bolandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy lukmançylyk çeşmelerine we ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, bu keseliň haçan, nädip we nähili alamatlar bilen ýüze çykyp, ýaýrap başlandygy barada käbir maglumatlary taýýarlady.
“Öý ýumurtgasy gymmat bolsa-da, bu ýumurtgalar tebigy diýip, bazardan iki guty öý ýumurtgasyny satyn aldym. Şolardan käbirini bişen derejede tendirip, gowurmyşlap iýdim. Şol günde mende içgeçme başlady, beden gyzgynlygym 39 gradusa göterilip, myşsalarym, bogunlarym agyryp başlady” diýip, bu kesele ýolugan türkmenabatly gürrüň berýär.
Ol soňra saglyk edaralaryna ýüz tutup, ýokanç keselleri hassahanasynda birnäçe günläp bejergi alýar. Towuk ýumurtgasyny iýenden soňra, içege ýokançlygyna duçar bolan türkmenabatly ýaşaýjy dekabryň ortalarynda hassahanada bolan döwürlerinde özünden başga ýene alty adamyň birmeňzeş alamatlar bilen saglyk bejergisini alandygyny aýtdy. Olaryň ählisi-de ýumurtga iýenden soňra özlerini erbet duýup başlapdyr.
Beýleki bir lebaply, Saýat etrabynyň ýaşaýjysy hem şol bir alamatlar bilen ýerli hassahanalaryň birine ýüz tutupdyr. Ol hem özüniň towuk ýumurtgasyndan zäherlenendigini çaklaýar.
“Men etrabymyzdaky guşçulyk fermasynda işleýän tanyşlarymdan arzan bahadan towuk ýumurtgasyny satyn alýaryn. Şol ýumurtgalardan zäherlendim” diýip, saýatly aýdýar we hassahanada bejergi alan döwründe özüne bu kesel barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmazlygyň tabşyrylandygyny sözüniň üstüne goşýar.
Türkmenabat şäheriniň Tiz kömek gullugynyň bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şeýle keselçiligiň Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda we yz ýany has ýygy-ýygydan hasaba alnyp başlanandygyny aýdýar.
“Ýiti içgeçme, beden gyzgynynyň aşa ýokarlanmagy, üsgürme we ysgynsyzlyk ýaly şikaýatlar bilen tiz kömek gulluklaryna jaň edýän näsaglaryň sany artdy. Bu adamlarda ýokanç keselleriň alamatlary bolansoň, biz hassalary täze gurlan ýokanç keselleri hassahanasyna ýerleşdirýäris” diýip, Tiz kömek gullugynyň işgäri 2-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Çärjewiň etrap hassahanasynyň lukmany habarçymyz bilen aýrybaşga söhbetdeşlikde bu kesele salmonella bakteriýasynyň sebäp bolýandygyny, çig ýa-da ýarym çig etleriň, ýa-da çala tendirilen towuk ýumurtgalarynyň bu kesele getirip bilýändigini aýdýarlar.
“Öňler bu kesel bilen keselleýän adamlaryň sany köp däldi. Welaýat ýokanç keselleri hassahanasynda işleýän kärdeşlerim täze ýylyň bosagasynda şeýle keselçiligiň köpelendigini aýtdylar” diýip, lukman düşündirýär.
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bu keselçilik barada beýanat bermeýär.
Azatlyk Radiosy bu barada saglyk resmilerinden goşmaça teswir alyp bilmeýär.
Türkmenabat şäherinden bolan birnäçe saglyk işgäri sebitde, adatça, ýokanç keselleriň gizlin saklanylýandygyny aýdýar.
Ynsan saglygy boýunça maglumat çeşmeleri salmonellýoz ýokançlygyny döredýän bakteriýalaryň islendik azyk önümi, şol sanda towuk eti, ýumurtga, gaýnadylan şöhlat, büzmeçler, çala ýuwlan gök we bakja önümleri arkaly adamdan adama geçip bilýändigini aýdýarlar.
Saglyk hünärmenleri ýiti içege ýokançlyklaryna sezewar bolýan näsaglaryň içgeçme we gaýtarma sebäpli, beden suwuklyklarynyň peselip bilýändigini, bu ýagdaýyň howply gaýra üzülmelere getirip bilýändigini aýdýarlar.
“Içege ýokançlyklarynyň bejergisi ýörite berhiz tutmakdan başga-da, iýmit siňdiriş ulgamyna hemme taraplaýyn täsiri talap edýär” diýip, türkmen dilinde saglyk maglumatlaryny çap edýän neşir aýdýar.
Saglyk hünärmenleri içege ýokançlyklarynyň öňüni almagyň iň ygtybarly ýoly hökmünde şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegini maslahat berýärler.
“Nahardan öň we soň, hajathana barlandan soň eliňi ýuwmak; suwy we süýdi gaýnadyp içmek; eti we balygy gowy bişirip iýmek; tiz zaýalanýan önümleri sowadyjylarda saklamak; bakja önümlerini we beýleki ir-iýmişleri gowy ýuwup iýmek, belli bir derejede, sizi ýakymsyz içege ýokançlyklaryndan halas edip biler” diýip, lukmanyň maslahatynda aýdylýar.
Azatlyk Radiosy gündogar sebitdäki iri guşçulyk fermalaryndan hem towuk ýumurtgalary boýunça goşmaça teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.