ABŞ Gürjüstanyň IIM-niň başlygyna protestleri dargadandygy üçin sanksiýa girizdi
ABŞ Gürjüstanyň Içeri işler ministrliginiň başlygy Wahtang Gomelaurä we ýörite tabşyryklar bölüminiň müdiriniň orunbasary Mirza Kezewadze garşy sanksiýa girizdi. ABŞ-nyň Gazna departamentiniň beýanatynda bu resmileriň žurnalistlere, oppozisiýa agzalaryna we protestçilere garşy görlen repressiýa çärelerine gatnaşandygy aýdylýar.
"Gürjüstanda geçirilen saýlawlardan soň Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeli işgärleri öz halklaryna garşy rehimsiz repressiýa çärelerini gördüler, şol sanda žurnalistlere garşy bilkastdan guralan hüjüm we zorluk çärelerini ulandylar" diýip, Gaznanyň terrorçylyk we maliýe aňtawy meseleleri boýunça sekretarynyň orunbasary Bredli T. Smit aýtdy.
ABŞ dekabr aýynyň başynda, Gürjüstanda demokratiýany gowşatmakda jogapkär hasaplap, ýigrimi adama garşy sanksiýa girizdi. Bu sanawa ministrler, parlament agzalary, kanun goraýjy işgärler, howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri we beýlekiler girizildi. Ýöne olaryň atlary aýan edilmedi.