ru24.pro
World News
Декабрь
2024
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Siriýadaky režimi agdaranlaryň arasynda, Merkezi Aziýadan bolan jeňçiler hem bar. Olar barada nämeler mälim?

0
Siriýany çärýek asyrlap dolandyran Başar al-Asadyň hökümetini ýykan toparlaryň arasynda, daşary ýurtly esgerleriň ýüzlerçesi, şol sanda Merkezi Aziýadan we Balkandan gelenler hem bardy.


Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen we Azatlyk Radiosy tarapyndan tassyklanan wideo ýazgylarda, Siriýada häkimiýeti ýyldyrym çaltlygynda ele alan “Haýýat Tahrir aş-Şam” toparynyň düzüminde, Merkezi Aziýadan we Ýewropadan bolan adamlaryň göreşendigi görkezilýär.


Daşary ýurtly adamlar “Haýýat Tahrir aş-Şamyň” we onuň dostlukly toparlarynyň söweş güýçleriniň diňe bir bölegi bolup durýar. Olaryň jemi sany 10 müňe golaýdyr. Emma Siriýada söweşýän we radikallaşan daşary ýurtly söweşijileriň bolmagy diňe bir şol ýurduň durnuklylygyna howp salmak bilen çäklenmän, eýsem bu söweşijileriň öz watanlaryna hem howp abandyryp bilmeginden howatyr edilýär.


«Bu ABŞ-nyň nukdaýnazaryndan iň uly problemalaryň biri bolar, sebäbi ol söweşijiler ýerli siriýaly däl – diýip, Waşington institutynyň uly ylmy işgäri Aaron Zelin aýdýar: – “Haýýat Tahrir aş-Şamdaky” siriýalylar ABŞ-y (daşary ýurtly esgerlere garanyňda) kän biynjalyk etmeýär».


“Haýýat Tahrir aş-Şam” ABŞ-da we Ýewropa Bileleşiginde terror guramasy hökmünde ykrar edilýär. Öň olar al-Kaýda bilen baglanyşykly bolupdy.


Asad hökümetiniň ýykylmagyndan soň, Harby yslamçy topar Siriýada başgalara barlyşykly boljagyny hem olara raýdaşlygy wada berdi. Emma olaryň adam hukuklarynyň bozmagy we terror toparlary bilen aragatnaşykda bolmagy ynjalyksyzlanmalary döredýär.


«Uly kynçylyk»


Azatlyk Radiosy tarapyndan tassyklanan wideo ýazgylaryň birinde, Siriýanyň Deýr Semaan obasynda harby egin-eşikli onlarça ýaragly adam görkezilýär. Olar Aleppodan takmynan 30 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän hristian ybadathanasynyň ýerleşýän ýerinde wideo düşürilipdir.


Ýazgyda täjik dilindäki çykyşlar eşidilýär. Harbylardan biri "imansyzlardan" ýerlerini basyp alandygyny aýdýar. Wideo 3-nji dekabrda düşürilipdir.


Täjik dilinde gepleýän jeňçileriň haýsy toparda söweşýändigi belli däl. Täjigistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen esgerler "Haýýat Tahrir aş-Şam" toparynyň, hususan-da, “Katibat al-Imam al-Buhary” we Türküstan toplumy bilen bagly birnäçe kiçi birikmeleriň bir bölegi bolup durýar.


Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen Täjigistanyň ýörite gullugynyň işgäri özüniň köpçülikleýin habar serişdelerine jogap bermäge ygtyýarynyň ýokdugyny aýdyp, Siriýadaky täjikleriň wideo ýazgylarynyň ýurduň häkimiýetlerini "köp biynjalyk edýändigini", sebäbi jeňçiler "wagt geçmegi bilen partlaýan bombanyň" bir görnüşi bolup biljegini mälim etdi.


«Şeýle wideo ýazgylar bize bu adamlaryň bir gün Täjigistana dolanyp, bu ýerde uly kynçylyk döredip biljekdigini ýene bir gezek ýatladýar» diýip, ýörite gullugyň işgäri aýtdy.


Siriýada bolýan takmynan 400 täjikleriň arasynda Anwar we Muhammetjon Isomiddinow doganlar bardyr diýlip çak edilýär. Olar otuz ýaşlarynda bolmaly. Täjigistanyň demirgazygynda ýerleşýän Çorde obasynyň ýaşaýjylary 2014-nji ýyl töwerekleri Siriýa gidipdir.


Howpsuzlyk şertleri sebäpli anonim ýagdaýda gürleşen ol doganlaryň garyndaşy Azatlyk Radiosyna birnäçe ýyl mundan ozal maşgalanyň olar bilen aragatnaşygyň ýitirilendigini aýtdy.


«Maşgala agzalary iň soňky gezek Anwar we Muhammetjon bilen gepleşende, olardan yzlaryna dolanmagyny özelenip haýyş etdiler – diýip, ol aýdýar. – Emma olar gürrüňi böldüler we gaýdyp jaň etmediler».


«Öz janyňa kast etmeklik»


Azatlyk Radiosy tarapyndan tassyklanan başga bir wideoda Aleppodaky (Siriýanyň ikinji uly şäheri) galanyň öňünde duran bir adam alban dilinde gepleýär. Wideo 30-njy noýabrda “Haýýat Tahrir aş-Şam” topary Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şäheri basyp alanda, ýagny 30-njy noýabrda düşürilipdir.


Ol adam jeňçileriň Asadyň ýöreden ýowuz syýasatyny göz öňünde tutmak bilen "zulumdan azat bolmak" ugrunda göreşýändigini aýdýar. Jeňçi Alepponyň basylyp alynmagyny "uly ýeňiş" diýip atlandyrýar.


Jeňçiniň harby eşiginde, “Haýýat Tahrir aş-Şamyň” bir topary hasaplanýan “Xhemati Alban” bölüminiň nyşany bar. Bu bölümde esasan Albaniýadan, Kosowodan we Demirgazyk Makedoniýadan bolan etniki albanlar söweşýärler.


«Bular “Haýýat Tahrir aş-Şamyň” gözegçiligi astynda hereket edýän gowy gurnalan yslamçy jihad topary – diýip, Waşingtonda ýerleşýän Howpsuzlyk we radikalizm boýunça merkeziň bilermeni Adrian Ştuny düşündirýär. – ‘Albanian Tactical’ topary anyk harby ukyplara, şol sanda mergenlik tälimine we partlaýjy maddalar meselesine üns berýär, şeýle hem beýleki söweşijilere tälim öwredýär. Bu ýagdaý bolsa olaryň söweşlere gatnaşyjy ýönekeý topar bolmagyndan, “Haýýat Tahrir aş-Şamyň” içinde strategiki güýje geçýändigini görkezýär».




2011-nji ýylda Siriýany graždanlyk urşy gaplap alandan soň, yslam ynkylabynyň ekstremist toparyna goşulmak üçin, ýüzlerçe etniki albanly bu ýurda ýykgyn edipdi.


Ýakyn Gündogara gidenleriň arasynda Demirgazyk Makedoniýadan bolan etniki alban hem bardy. Ol 2020-nji ýyla çenli dört ýyllap Siriýada söweşip, soňra Ýewropa dolanýar.


«Men ýaşdym. Bizi internetde goýlan wideolar bilen aldadylar – diýip, ol adam howpsuzlyk sebäpleri bilen adynyň aýdylmazlygyny haýyş etdi. – Biz Türkiýedäki adamlar bilen habarlaşyp, soňra Siriýa bardyk».


Ol özüniň söweşen toparynyň adyny tutmaýar.


«Bu öz janyňa kast etmekdi. Bize ahyr soňy gaçmak başartdy. Men hemme zady unudyp, adaty durmuşda ýaşajak bolýaryn» diýip, sözüne goşdy.


Demirgazyk Makedoniýanyň Içeri işler ministrligi azyndan dört makedon raýatynyň Siriýadaky we goňşy Yrakdaky ýaragly toparlaryň hatarynda söweşýändigini aýtdy.


Albaniýanyň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda Siriýada bu ýurduň 30-a golaýy raýaty bar.


Ewa Dumaniniň kakasy ony 2013-nji ýylda, ýagny heniz 8 ýaşyndaka Siriýa alyp gidýär. Ol adam “YD” toparyna goşulypdyr.


Häzirki wagtda Ewanyň nirede ýaşaýandygy belli däl. “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň ýetim çagalary we dul aýallary, esasan, “YD” bilen bäsleşýän beýleki toparlaryň lagerlerinde saklanylýar.


Ewanyň daýysy Jetan Hdrejoni "ol özüniň häzirem anyk ýerleşýän ýerini ýa-da ýagdaýyny aýan etmäge gaty göwünsiz bolsa-da", ýegeni bilen wagtal-wagtal gürrüňdeş bolýandygyny aýdýar.


«Ol bir söz ýazar, soňky sözüni bolsa birnäçe sagatdan ýa-da gün geçenden soň ýazýar – diýip, Albaniýada ýaşaýan Hdrejoni gürrüň berýär: – Birnäçe gezek Siriýa gidip, ony yzyna getirmekçi boldum. Ýöne men onuň kyn ýagdaýa düşýändigini, gitmek isleýändigini ýa-da şol ýerde radikallaşandygyny bilemok».


Anonim şertde gürleşen bir bosgun özüni öňki "hippi" diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, ol sünni yslam mezhebindäki radikal hereket bolan salafaçylyga ýüz tutup, Asad hökümetine garşy göreşmek we "Siriýanyň halkyny azat etmäge" kömek bermek üçin, Siriýa gidipdir.


«Men birnäçe toparlara boldum. Meniň pikirimçe, bu maňa aňsat düşüpdi, sebäbi uruş barada hiç zat bilmeýärdim» diýip, ol aýdýar.


Ol özüniň 2018-nji ýylda duşmançylykly uruşlara gatnaşmakdan boýun gaçyrandygyny aýdýar. Ýerli bir aýala öýlenipdir we häzir Idlib welaýatynda parahat ýagdaýda ýaşaýar.


Siriýadaky ýaragly toparlara goşulan ýewropalylaryň köpüsi Ýakyn Gündogardaky ündewçiler tarapyndan, ol ýere aldanyp barýar. Olar Internetde goýlan wideolaryň täsiri astynda radikallaşýarlar. Beýlekiler bolsa dini düşünjelere we jihad ideýasyna esaslanyp radikallaşypdyr. Olaryň käbirini ýaragly toparlaryň hödürleýän pullary özüne çekipdir.


Materialyň taýýarlanmagyna Azatlyk Radiosynyň Täjik we Balkan gullugynyň habarçylary gatnaşdylar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.