ru24.pro
World News
Декабрь
2024
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tebigy gazyň, bug gazanlarynyň basyşy pes, köp gatly jaýlarda ýokarky gatlara ýylylyk barmaýar

0
Türkmenistana aralaşýan sowuk howa akymynyň arasynda, şäherlerde we obalarda ýyladyş üpjünçiligi bilen bagly problemalar ýitileşip dowam edýär.


“Şäheriň köp gatly jaýlarynda ýyladyş ulgamlaryny 20-nji noýabrdan soň işledip başladylar. Ýöne ýokarky gatlara ýylylyk barmaýar” diýip, Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


 “Meteožurnal” howa maglumatlary neşirine görä, 15-16-njy dekabrda günorta-gündogar Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň has-da aşaklamagyna  garaşylýar. Bu döwürde Mary welaýatynda hem-de Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde howanyň gije -8..-13 gradusa çenli, gündiz bolsa -1...-6 gradusa çenli sowamagyna garaşylýar.




Şäher ýerlerinde, hususan-da, köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň ýaşaýjylary ýyladyş ulgamlaryndaky problemalar sebäpli, öýlerde elektrik energiýasy bilen işleýän tok peçlerinden peýdalanyp, hatda nahar bişirilýän gaz ojaklaryny dowamly ýakyp goýup, ýylanmaga çalyşýarlar.


“Ýöne öýleriň elektrik üpjünçiligi tok peçlerini götermeýär. Tok peç ýakylanda, öýlerde ereýän simleriň ysy peýda bolýar, şonuň üçin otaglar çala ýylandan soňra, peçleri öçürmeli bolýar” diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.


Ýerli ýaşaýjylar sowuk jaýlarda özleriniň gyş eşiklerinde gezmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.


Tebigy gaz serişdelerine baý Türkmenistanyň şäher ýerlerindäki köp gatly jaýlarda merkezleşdirilen, howly jaýlarda, etraplarda we obalarda bolsa, köplenç merkezleşdirilmedik, özbaşdak ýyladyş ulgamlaryndan peýdalanylýar.


Merkezleşdirilen ulgamlarda bug gazanlarynda suw gaýnadylyp, ýyladyş turbalary arkaly ýylylyk berilýär. Howly jaýlarda ornaşdyrylýan özbaşdak ulgamlarda bolsa, kiçi bug gazanlary oturdylyp, otaglara çekilen turbalar arkaly, şeýle-de her bir otagda oturdylan ýyladyş batareýalary arkaly ýylylyk üpjünçiligi ýola goýulýar.


Paýtagt Aşgabadyň ýylylyk üpjünçiligi “Aşgabatýylylyk” tresti tarapyndan ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň ýyladyş ulgamlary ýerli häkimlikleriň hojalyk hyzmatlary bölümleriniň garamagynda bolýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary oba ýerlerinde bu ýagdaýyň has-da kynlaşýandygyny aýdýarlar.


“Oba ýerlerinde adamlar tok, gaz öçen ýagdaýynda odun ýakyp ýylynýarlar. Çetki obalarda gazyň basyşy pes, heniz gaz turbalary çekilmedik köçeleriň ýaşaýjylary bolsa, ilki bilen öz harajatlarynyň hasabyna gaz turbalaryny çekdirmeli bolýarlar” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.


Türkmenistanda alty aý çemesi dowam edýän güýz-gyş ýyladyş möwsümi oktýabr aýynyň ortalarynda yglan edilýär.


Döwlet metbugaty ýokary derejeli hökümet resmileriniň hem-de welaýat häkimleriniň iş maslahatlaryna salgylanyp, sebitlerde edara-kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet maksatly binalaryň, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilýändigini habar berýär.


Ýöne özleriniň ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmakda kynçylyk çekýän ýerli ýaşaýjylar durmuş desgalarynda hem kadaly üpjünçiligiň ýola goýulmaýandygyny aýdýarlar.


Günorta-gündogar sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan oba ýaşaýjylarynyň birnäçesi edara-kärhanalarda işgärleriň öz ýanlary bilen tok peçlerini işe getirýändiklerini, şeýle-de mekdeplerde okuwçylaryň sapaklarda gyş eşiklerinde oturýandyklaryny aýdýarlar.




“Sowetler döwründe ulanylmaga berlen mekdeplerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär” diýip, maryly çeşmeler aýdýar.


Olar mekdebe çenli çagalar baglarynda hem birmeňzeş problemalaryň saklanyp galýandygyny, käwagt terbiýeçileriň işlemeýän ejelerden çagalaryny sowuk bolanda öýde alyp galmagy, çagalar baglaryna goýbermezligi soraýandyklaryny aýdýarlar.


Türkmenistanda şäher we oba ýerleriniň köpçülikleýin gazlaşdyrylmagy esasan garaşsyzlygyň irki ýyllarynda durmuşa geçirildi. Otuz ýyldan gowrak wagt bäri peýdalanylýan tebigy gaz infrastrukturalarynyň hiliniň ýaramazlaşyp, soňky wagtlarda turbalaryň çüýremegi, könelişen gaz geçirijilerden tebigy gazyň syzmagy ýaly wakalara duş gelnip başlandy.


Hünärmenler içerki gaz geçirijileriň sandan çykmagy netijesinde gas basyşynyň peselýändigini, munuň netijesinde bolsa, hojalyklara berilýän gazyň möçberleriniň azalyp, ýylylyk üpjünçiliginiň bökdelýändigini aýdýarlar.


Ýöne ýyladyş problemalary diňe bir çet sebitlere mahsus bolman, Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň hem şeýle bökdençliklere sezewar bolýandyklaryny habar berýärler.


Ýaňy-ýakynda çeşmelerimiz paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän bir garrylar öýündäki ýyladyş problemalary barada habar berip, uly ýaşly hossarsyz adamlaryň bu meselede öz arz-şikaýatlaryny hiç kime eşitdirip bilmeýändiklerini habar berdiler.


Ýurduň günbatar sebitleriniň ýaşaýjylary hem birmeňzeş problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.


Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy sebitiň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde bolup, ýylylyk üpjünçiliginiň ýagdaýyny öwrenýär.


“Köp gatly jaýlara niýetlenen umumy ýyladyş gazanlarynda suwuň basyşy pes. 40 ýyl ozal çekilen suw turbalary ýarylyp, käwagt günüň dowamynda tas 10 sagatlap ýyladyş üpjünçiliginiň gaýtadan dikeldilmeýän halatlary bolýar” diýip, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.


Bu sebitde hem, edil Mary welaýatynda we beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, şäher ýaşaýjylary elektrik energiýasy bilen işleýän peçlerden peýdalanyp, ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmaga çalyşýarlar.


Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary bu sebitde hem öýlere berilýän tebigy gazyň basyşynyň pes bolandygyny aýdýarlar.


“Öýleri ýylatmak beýlede dursun, haýtda bir çäýnek suw iki sagatda zordan gaýnaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gaz üpjünçiliginden şikaýat edýär.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary iki hepde çemesi mundan ozal bu sebitiň çäginden geçýän içerki gaz geçirijilerden tebigy gazsyň syzmagy sebäpli, hojalyklara paýlanýan gazyň basyşynyň peselendigini habar berdi.


Bu aralykda, gaz basyşynyň peselip, ýylylyk meseleleri dowam edýän mahaly, Balkanyň iri şäherlerinde käbir mekdeplere we hassahanalara özbaşdak ýyladyş gazanlary oturdylypdyr.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri täze bug gazanlarynyň gaz bilen däl, nebit önümleriniň bir görnüşi bilen işledilýändigini aýdýarlar.


“Mekdep müdirleri welaýat häkimligine ýüz tutup nebit öndürýän zawodlardan mekdepleri ýylatmak üçin ýangyç sorap bermegi haýyş edýärler” diýip, býujet işgärleri aýdýar.


Azatlyk Radiosy ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly problemalar boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.