ru24.pro
World News
Декабрь
2024
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär

0
Geçen hepdäniň ahyrynda Siriýada gozgalaňçy güýçleriň ýyldyrym çaltlygynda paýtagt Damasky ele geçirip, prezident Başar al-Asadyň maşgalasy bilen ýurtdan gaçyp çykmagy türkmen jemgyýetçiliginde möhüm maslahatlaşmalaryň baş temasyna öwrülýär.


“Nesip bolsa, indi Siriýada uly özgerişlere, diňe gowulyga garaşyp bolar!” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.


“Siriýa diktatorçylykdan halas boldy, siriýalylaryň başdan geçiren käbir tejribeleri, belli bir derejede, biziň halkymyzyň reallyklaryna-da çalym edýär” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýdýar.


“Biziň ýurdumyzda parahatçylyk höküm sürýär, asmanymyz arassa, arkaýyn ýatyp turýarys. Bu asudalygy hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýar” diýip, üçünji maryly gürrüňe goşulýar.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda halkara arenasynda bolup geçýän wakalar, hususan-da Siriýada bolup duran hadysalar boýunça alnyp barylýan özara maslahatlaşmalara diň saldylar.


Mälim bolşy ýaly, Ýakyn gündogarda, hususan-da, soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri wagtal-wagtal ýitileşip dowam eden dartgynlylykaryň arasynda, noýabr aýynyň ahyrlary Siriýada gozgalaňçy güýçleriň çalt depginde iri şäherleri ele geçirip, bary-ýogy tas iki hepdäniň dowamynda paýtagtda häkimiýeti eýelemegine şaýat boldy.


Siriýa halky 13 ýyl bäri raýat urşundan ejir çekdi. 2011-nji ýylda arap dünýäsinde tutaşan halk aýaklanmalarynyň Siriýa sahnasy gandöküşiklik bilen netijelendi. Prezident Başar al-Asad öz häkimiýetine garşy çykyp, has köp syýasy we raýat azatlyklaryny talap eden demonstrantlara garşy zorluk ulandy. Munuň yz ýany, ýurtda turan raýat urşy ýüzlerçe müň jan aldy, millionlarça siriýaly öz ýaşaýan ýerlerini terk etmeli boldy.


Iň soňunda, geçen hepde Başar al-Asadyň özi hem bu ýurdy terk edip, rus metbugatyna görä, Moskwadan gaçybatalga aldy.


Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri bu wakalar barada habar bermeýär.


“Asad öz halkyna zulum etdi, öz režimine garşy çykan adamlary terrorçy diýip tagmalady, olar zyndanlarda ejir çekdi” diýip, maryly ýaşaýjy Siriýadaky wakalary teswirleýär we Asad režiminiň astynda bu ýurtda giň ýaýran garyplygyň, açlygyň höküm sürendigini aýdýar.


Bu maslahatlaşmalarda, belli bir derejede, Siriýa bilen Türkmenistan deňeşdirilýär.


“Biziň asmanymyz arassa, uruş ýok, parahatçylyk... Ýöne, galan zatlary deňeşdirse bolar. Biziň halkymyzyň hem tas ýarysy eklenç aladalary sebäpli, öz ýurduny terk edip, daşary ýurt döwletlerine gitmeli boldy. Olar özleriniň watanda galan dogan-garyndaşlarynyň toýuna-ýasyna gatnaşyp bilmeýär. Sebäbi, bir gelseň, yzyňa gidip bolmaýar!” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.


Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar ýüzlerçe müň türkmenistanlyny iş, eklenç gözleginde öz ýurdundan aýra saldy. Öňki ýyllarda Azatlyk Radiosyna ygtybarly çeşmeler tarapyndan mälim edilen statistiki sanlar 2008-2018-nji ýyllar aralygynda 1 million 900 müň çemesi türkmenistanlynyň ýurdy uzak möhletli esasda, ýa-da hemişelik terk edendigini görkezdi.


Şol bir wagtda, häzirki wagtda Siriýada bolup geçýän wakalar boýunça öz bähbitlerini işjeň öňe sürýän Türkiýe geçen on ýyllykda ýüzlerçe müň türkmen raýatyna gujak açdy.


Ýöne Aşgabat 2022-nji ýylda bu ýurduň türkmenistanlylara wiza düzgünini girizmegini gazandy.




“Bizde hem azyk harytlaryny satyn almak üçin nobata durýarys, bizde hem raýatlar müňläp türmelerden geçirildi... Başga-da deňeşdirseň, deňeşdiribermeli!” diýip, maryly ýaşaýjylar Siriýa bilen Türkmenistany deňeşdirýär.


Başar al-Asad 2000-nji ýylda Siriýada prezident wezipesini kakasy Hafez al-Asaddan kabul edip aldy. Uly Asad 29 ýyl, kiçi Asad 24 ýyl ýurda ýolbaşçylyk etdi.


Raýat urşunda Moskwa Asad režimine arka çykdy. Bu hem türkmen jemgyýetçiligi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar we Russiýanyň köplenç awtoritar liderlere arka çykmagy üns merkezine çekilýär.


“Rus häkimiýetleriniň goldaw berýän sebitlerinde diktatorçylyk höküm sürýär” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.


Bu aralykda, halkara arenasynda bolup geçýän durnuksyzlygyň arasynda türkmen häkimiýetleri ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihat işlerini ýygjamlaşdyrýarlar.


Metjitlerde, toý-sadakalarda din wekilleri çykyş edip, ýurtda abadançylygyň we asudalygyň höküm sürýändigini wagyz edýärler.


Ýöne ýerli ýaşaýjylar durmuşyň agyrlaşandygyny, ilatyň güzeran şertleriniň kynlaşyp, garyplygyň köpelendigini aýdýarlar.


“Ähli ýerde parahorlyk, adamlar gorky astynda saklanýar. Ýöne indi adamlar öz aladalaryny dile getirip başladylar” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.


Bu maglumatlar efir üçin taýýarlanýan mahaly, 11-nji dekabrda günüň ikinji ýarymynda Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy hem bu sebitde ýerli häkimiýetleriň Siriýada bolup geçýän wakalary yzarlamazlygy, şeýle maglumatlary Instagram, TikTok ýa-da IMO arkaly paýlaşmazlygy tabşyryp, edara-kärhanalarda býujet işgärleri bilen gürrüňdeşlik işlerini geçirip başlandyklaryny habar berdi.


Şol bir wagtda, bu sebitdäki habarçymyz “Rossiýa 24”, “Euronews” ýaly kanallaryň birden kabel telewideniýeden ýitirim bolandygyny habar berdi.


Maglumata görä, hatda “A Haber”, “TRT Haber” ýaly käbir türk kanallarynyň ýaýlyma berilmegi hem togtadylypdyr.


Bir aragatnaşyk hünärmeniniň sözlerine görä, kabel telewideniýede efire berilýän käbir daşary ýurt kanallarynyň wagtlaýyn ýapylmagy barada “ýokardan” görkezme berlipdir.


Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.