Siriýanyň geçiş premýeri işe başlady, daşarky güýçler öz bähbitlerini goraýar
Daşarky güýçleriň, şol sanda Russiýanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň we Ysraýylyň uruşdan tozan ýakyn gündogar ýurdunda öz geosyýasy bähbitlerini goramak çärelerini görmeginiň arasynda, prezident Başar al-Asady häkimiýetden çetleşdiren güýçleriň goldawy esasynda, Siriýanyň geçiş premier-ministri iş başyna geldi.
Haýat Tahrir al-Şam (HTŞ) söweşijileriniň ýolbaşçylygyndaky täze dolandyryjylar, hepde ahyrynda Asady häkimiýetden gyrakladanlaryndan soň, gözegçiligi berkitmek tagallalaryny edýäne meňzeýär.
Muhammad al-Başir ýakynda ele geçirilen döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda Siriýanyň geçiş häkimiýetine 1-nji marta çenli ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.
Kän tanalmaýan, 1982-nji ýylda Idlib welaýatynda doglan we inženerçilik diplomyny alan Başir bir zaman Siriýanyň döwlet gaz kärhanasynda işledi, soňky bir ýylda bolsa, gozgalaňçylaryň Halas ediş hökümeti diýilýäne ýolbaşçylyk etdi.
ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy topar diýlip kesgitlenen HTŞ-nyň soňky ýyllarda Al-Kaýda bilen aragatnaşygyny kesip, özüni siriýa hökümetine pragmatiki alternatiwa hökmünde görkezmek tagallasyny etmegine garamazdan, Günbatar güýçleri we hukuk toparlary seresaplylygy elden bermezlige çalyşýar.