Tbiliside geçen nobatdaky gijeki protestlerden soň, dartgynlylyk saklanýar
3-nji dekabrda irden gürjüstanly demonstrantlar häkimiýetleriň Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşiklerini 2028-nji ýyla çenli togtadýandygyna garşy geçirýän protestleriniň tertip bäşinji gijesinden soň, dargadylar. Gijäniň dowamynda protestçiler göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny atan howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar.
Gürjüstanyň polisiýasy demonstrantlary urup-ýenjip, zor bilen dargatmak çärelerini görýär. Howpsuzlyk işgärleriniň çenden aşa güýji ulanmagy hem ýurduň öz içinde, hem-de daşynda gahar-gazap döretdi. NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte ýagdaýlary “çuňňur alada dörediji” diýip atlandyrdy.
Gürjüstanlylaryň aglaba köplügi ýurduň ÝB agzalygyny goldaýar we Bileleşige goşulmak baradaky tagallalar Gürjüstanyň konstitusiýasynda hem nazarda tutulýar.
Emma dolandyryjy partiýanyň, "Gürjüstan arzuwynyň" şu ýyl jemgyýetçilik guramalaryna we daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän habar serişdelerine garşy çykýan kanuny kabul etmegi (Zurabişwili we tankytçylar oňa "rus kanuny" diýýär), şeýle-de Kobahidzniň we beýleki resmileriň LGBT hukuklaryna, Günbatara jemgyýetçilik hüjümleri baradaky gapma-garşylykly kanun taslamasyny goldamagy häzirki hökümetiň ýurdy yzyna, Russiýanyň orbitasyna alyp barýandygy baradaky gorky-howatyrlary döretdi.