ru24.pro
World News
Ноябрь
2024

Günorta we Merkezi Aziýada hytaý raýatlarynyň öldürilmegi: Zorlugyň ýaýbaňlanmagy Pekiniň sebitdäki proýektlerini durzup bilermi?

0
Ýaňy-ýakynda Pakistanda we Täjigistanda hytaý raýatlaryna hüjüm edilip, olar öldürildi. Pekin bu ýurtlarda ösüş taslamalaryna milliardlarça dollar sarp edýär. Synçylaryň pikirine görä, bu wakalar hytaý tarapyndan maliýeleşdirilýän başlangyçlary saklap biler.


Günorta we Merkezi Aziýa — Hytaýyň millionlarça dollara barabar onlarça taslamany amala aşyrýan sebiti.


Emma zorlugyň ýaýbaňlanmagy Pekiniň «Bir guşaklyk – bir ýol» bütindünýä başlangyjynyň açary bolan sebitdäki maýa goýumlarynyň ýatyrylmagyna howp salýar.


Pakistandaky jeňçiler şu ýyl ýedi sany hytaý işçini öldürdiler. Şu aýda Täjigistanda hem şoňa meňzeş ilkinji hüjümde hytaý raýaty öldürildi.


Hytaýyň raýatlarynyň öldürilmegi jeňçileriň uzak wagtdan bäri jemlenen ýeri bolan sebitde ekstremist toparlaryň ukyplarynyň barha artýandygyny aýan etdi.


«HYTAÝLYLAR LAPYKEÇ BOLÝARLAR »


Müňlerçe hytaý işçileri Hytaý-Pakistan ykdysady koridory hasaplanýan bahasy 60 milliard dollarlyk gurluşykda işleýärler. Ol «Bir guşaklyk – bir ýol» başlangyjynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.




Hytaýly işçileri goramak üçin, Yslamabat ýörite polisiýa bölümi döretdi we ýüzlerçe barlag-goýberiş merkezlerini gurdy. Şeýle hem megaproýektleriň töwereginde ençeme bekitme-germew işlerini geçirdi. Emma bu çäreler soňky ýyllarda hytaý işçilerine garşy edilýän hüjümleri saklap bilmedi.


Hünärmenler muny esasan Pakistanyň howpsuzlyk we barlag-aňtaw gulluklarynyň işindäki gowuşgynsyzlykdan görýärler, şeýle hem “Belujistanyň azat ediş goşunynyň” mümkinçilikleriniň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Pakistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Belujistan welaýatynda ägirt uly ýaragly topar hereket edýär.


«Hytaý howpsuz maýa goýumlaryna bil baglaýar, ýagny olar proýektleriniň töweregindäki çaknyşyklary halamaýar — diýip, Hytaýyň Çžýang uniwersitetiniň barlagçysy Jalal Bazwan aýdýar. — Hytaýlylar Pakistan hökümetiniň howpsuzlygy üpjün edip bilmeýändigine şeýle bir lapykeç bolýarlar, hatda mundan beýläk taslamalara maýa goýmazlar».


Ykdysady taýdan garyp, emma energiýa serişdelerine baý sebit bolan Belujistanda Hytaýyň maliýe kömegi bilen onlarça infrastruktura, energiýa we söwda taslamalary amala aşyrylýar. Welaýatyň uly meýdany Owganystan we Eýran bilen serhetleşýär. Ol ýerde etniki azlykdaky buluçlar ýaşaýar. Olar Yslamabady welaýatyň tebigy baýlyklaryny öz haýryna peýdalanmakda aýyplaýarlar.


Oktýabr aýynda “Belujistanyň azat ediş goşunynyň” söweşijileri iki sany hytaý raýatyny öldürdi. Olar Pakistanyň iň uly şäheri Karaçiniň aeroportunyň golaýynda bolan partlamada wepat boldular.


Mart aýynda bolsa pidakär-terrorçy Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda hytaý işçilerini getirýän awtobusa öz partlaýjy maşyny bilen hüjüm etdi. Onda bäş hytaýly ýogaldy. Munuň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.


Soňky ýyllarda separatist harby topar bolan “Belujistanyň azat ediş goşunynyň” söweş ukyby artdy.


Çaklamalara görä, bu topar bäş müňe golaý jeňçiden ybarat. 2021-nji ýylda "Talyban" Owganystanda häkimiýete geleninden bäri amerikan ýaraglarynyň goňşy Pakistana akdyrylmagynyň hasabyna “Belujistanyň azat ediş goşuny” güýçlendi.


“Belujistanyň azat ediş goşuny” soňky ýyllarda harby yslam toparlarynyň ulanýan taktikasyny kabul edip, janlanyp başladylar. Mysal üçin, olar öz janyna kast edýän hüjümçiler bilen öz terror çärelerini guraýarlar. Bu topar aýallary ýygnamak bilen hem öz hatarlaryny köpeldýär.


“Belujistanyň azat ediş goşuny” Hytaý raýatlaryna geçirýän hüjümlerden başga-da, Pakistanyň howpsuzlyk güýçlerine hem hüjümlerini güýçlendirdi.




«Ýerli proýektlerden gelýän jomart sadakalar, salgytlar we talaňçylyklar, şeýle hem häzirki zaman ýaraglarynyň satyn alynmagy “Belujistanyň azat ediş goşunyna” has takyk hüjümleri amala aşyrmaga ýardam etdi» diýip, Belujistan ýaragly toparlaryny öwreniji Bahut Baloç aýdýar.


Bilermenleriň aýtmagyna görä, Hytaý Belujistanda zorlugyň artmagyna alada bildirýär we munuň Pakistandaky proýektlerine päsgel bermeginden alada edýär.


Hytaý 19-njy noýabrda şu aýyň ahyrynda, terrora garşy bilelikdäki harby türgenleşik üçin, ilkinji 5 ýylyň içinde Pakistana goşun iberjekdigini mälim etdi.


19-njy noýabrda Pakistan bolsa Belujistanda jeňçilere garşy täze harby hüjümi başlatmagyň planlaşdyrylýandygyny yglan etdi.


«Şübhesiz, hüjümler has-da güýçlendi — diýip, Pakistanyň konflikt we howpsuzlyk barlaglary institutynyň müdiri Abdulla Han hasap edýär. — Emma munuň özi Hytaýyň öz taslamalaryny togtatmagyna we Pakistandan gitmegine sebäp bolmaz. Milliardlarça dollarlyk maýa goýumlary işi togtatmak üçin juda uly. Hytaý bu ýerde galmak üçin geldi».


TÄJIGISTANDAKY ILKINJI HÜJÜM


18-nji noýabrda Täjigistanyň günortasynda serhetden geçip gurnalan hüjümde, bir hytaý raýaty öldi, ýene-de dört adam ýaralandy diýip, Azatlygyň Täjik gullugynyň çeşmesi habar berdi.


Çeşmeleriň aýtmagyna görä, hüjümçiler Owganystan bilen serhetden geçipdirler. Ýöne olaryň jeňçilermi ýa-da neşe söwdasyna gatnaşyjylardygy anyk belli däl. Bu sebitde neşe söwdasy hem giňden ýaýran.


Maglumatda aýdylyşyna görä, Hytaýyň raýatlray Zarbuzi jülgesindäki altyn käninde işleýän eken.


Bu hüjümiň Täjigistanda Hytaýyň esasy energiýa we ulag-gatnaw taslamalaryny maliýeleşdirýän şertinde, bir hytaýly raýatyň ölümine getiren ilkinji mälim waka bolandygy üçin belli boldy.


Adam ölümine sebäp bolan hüjüm Täjigistanyň günorta serhediniň ýakalarynda dowam edýän howpsuzlyk aladalarynyň möhümdigini görkezdi.


Owganystanyň çäginde onlarça ekstremistik topar hereket edýär, şol sanda “Yslam döwleti – Horasan”, “Özbegistanyň Yslam hereketi” we esasan täjik raýatlaryndan düzülen “Jamaat Ansarullah” bar.


Hytaý Täjigistandaky taslamalarynyň howpsuzlygy barada öňden bäri aladalanyp gelýär. Pekin Täjigistanyň güýç ulanyjy edaralaryny berkitmek üçin, düýpli möçberde maýa goýupdy diýip, Tehsasyň A&M uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Edward Lemon aýdýar.


«Meniň pikirimçe, bu hüjüm Hytaýyň maýa goýumlaryny gowşatman, diňe Hytaýyň ýurtda howpsuzlygy üpjün etmekde amala aşyrmaly hyzmatyny güýçlendirer — diýip, ol ekspert aýdýar. — Biz mundan beýläk ol ýurtda iş alyp barýanlaryň, hytaý maýa goýujylaryň bähbitlerini goraýan harby kömegiň, türgenleşikleriň we hytaý hususy howpsuzlyk kompaniýalarynyň ähmiýetiniň giňeldilmegine garaşyp bileris».


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.