ru24.pro
World News
Ноябрь
2024

Türkmen, owgan resmileri TOPH taslamasy üçin port taslamasyny maslahatlaşýar

0
Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli bölümleriniň wekilleriniň Serhetabat şäherinde bolan duşuşygynda wagtlaýyn port gurmagyň maslahaty edildi diýip, “Türkmenportal”  Owganystanyň Magdan we Nebit ministrligine salgylanyp habar berýär.


Habarda aýdylmagyna görä, türkmen-owgan serhedindäki “Islim-Çeşmede” wagtlaýyn guruljak port TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur enjamlary we turbalary daşamak üçin ulanylar.


Duşuşyga gatnaşanlar wagtlaýyn portuň tehniki taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar, owgan tarapy gurluşyk işlerine başlamaga taýýardygyny tassyklady diýip, habarda bu taslama barada başga, goşmaça maglumat berilmeýär.