Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Türkmenistanda demir ýol ulgamyndaky problemalaryň ýitileşýändigi, onuň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy göze dürtülýär.
Bu ýagdaý, raýatlaryň hem barha köp ünsüni özüne çekýär. Olar sosial torlarda demir ýollaryň howply bölekleriniň suratlaryny paýlaşyp, bu ýagdaýlara alada bildirýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 26-njy noýabrda Aşgabatdan beren maglumatyna görä, bu suratlaryň arasynda demir ýoluň çat açan ýa-da onuň ýokarsyndaky galyň demir örtükleriň ýukalyp, bölünendigini görkezýän şekiller bar.
Şeýle-de, suratlarda demir ýoly göterýän betondan ýa-da agaçdan düşelgeleriň çat açyp, käbir bölekleriniň döwlendigini hem görse bolýar.
“Raýatlar suratlary paýlaşmak bilen, pudaga gözegçilik edýän döwlet emeldarlaryň ünsüni çekmäge çalyşýarlar. Olar pajygaly wakalar bolmazdan öň, häkimiýetler bularyň öňüni alar diýip umyt edýärler” diýip, paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyzyň tassyklamagyna demir ýollardaky näsazlyklara paýtagta golaý sebitlerde hem duş gelse bolýar. Ýöne bu ýagdaý esasan hem ýurduň çetki welaýatlarynda göz dürtülýär.
“Demir ýollaryň şol howply böleklerinde otlularyň tizligi sagatda 20-30 kilometrden geçmeýär. Sebäbi bu ýerlerde 50-60 kilometr tizlik bilen hereket etse, onda otlynyň agdarylmak howpy döreýär” diýip, otlyny dolandyrýan hünärmenleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, demir ýollaryň käbir böleklerindäki gözgyny ýagdaýa esasan bu ulgama döwlet tarapyndan ýeterlik maliýe serişdesiniň goýberilmezligi sebäp bolýar.
“Paýtagtdaky we welaýat merkezlerindäki demir ýollaryň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga maýa goýlan bolsa-da, ýurduň çetki sebitlerinde sowet döwründen bäri hiç hili ellenmedik demir ýollar bar. Emeldarlar bu ýagdaýlary görmezlige salýarlar” diýip, hünärmen belledi.
Galyberse-de, ol soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda pudagyň ýüzlerçe hünärmeniniň öz arzasy bilen işden çykandygyna hem ünsi çekýär.
“Sebäbi 2000-2500 manat maşgalany eklemäge ýetmeýär. Hünärli işgärleriň ýetmezçiligi pudakda meseleleriň artmagyna getirdi” diýip, hünärmen belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmendemirýollary” agentliginden we “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden teswir almaga synanyşdy.
Ýöne redaksiýa bu edaralaryň resmi websaýtlarynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, habarlaşyp bilmedi.
“Demirýollary” AGPJ-niň maglumatyna görä, bu pudak her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär.
“Demirýollaryň” ýolagçylaryň syýahat wagty rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlaryny göz öňünde tutýan “Ýolagçy” bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär.
Muňa garamazdan, ýurduň demir ýol ulgamyndaky problemalar, şol sanda demir ýollaryň abatlanmaga ýa-da durkunyň täzelenmegine mätäçdigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek maglumat taýýarlady.
Maý aýynda ençeme günläp ýagan güýçli ýagşyň getiren sil suwlarynyň netijesinde Tejen-Mary aralygynda demir ýoluň bir bölegi opuryldy. Şonda wakanyň golaýyndaky ýolagçy otlusyndan 50 töweregi adam düşürilip, awtobus bilen Mara alnyp gidildi.
Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar, ýöne hökümet maslahatlarynda yzygiderli “ösüş sanlaryny” getirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.