ru24.pro
World News
Ноябрь
2024

Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär

0
Günbatar Balkan welaýatynyň çäginden geçýän içerki gaz geçirijilerde gaz syzmalary hasaba alynýar, “lagar düşüp, sandan çykyp barýan turbalar” bejeriş işlerine mätäç diýip, gaz üpjünçilik edarasynyň bir hünärmeni aýdýar. Ýerli ilat gaz üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyndan şikaýat edýär.


Welaýatyň ilatly ýerlerinde, şol sanda Türkmenbaşy etrabynyň şäherçelerinde tebigy gazyň basyşy soňky bir hepdeden gowrak wagtyň dowamynda ymykly peseldi.


Sebit ýaşaýjylary Türkmenbaşynyň etrap merkezinde geçen hepdäniň duşenbe we sişenbe günlerinde gaz üpjünçiliginiň doly kesilendigini, üpjünçilik gaýtadan dikeldilende bolsa, gazyň basyşynyň peselendigini aýdýarlar.




“3-nji günden soň, gaz gaýtadan berlip başlandy, ýöne basyş öňküsinden has-da peseldi” diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Etrabyň Akdaş şäherçesinde gaz üpjünçiliginiň kesilmegi üç gün dowam etdi. Ýerli ýaşaýjylar gaz üpjünçiligi gaýtadan dikeldilende hem, basyşyň pes bolmagy sebäpli, ilatly ýerlerdäki çetki hojalyklarda üpjünçiligiň bökdelýändigini aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde, Guwlymaýak şäherçesinde, şol sanda Gyýanlyda, şeýle-de ilat arasynda Janga atlandyrylýan Türkmenbaşy şäherçesinde gaz üpjünçiliginiň bökdelmegi zerarly, sowuk howada ýaş çagalaryň hem-de gartaşan adamlaryň gijelerine sowukdan kösenýändigini aýdýarlar.


“Köp gatly jaýlarda adamlar öýlerini elektrik energiýasy bilen işleýän peçler bilen ýylatmaga çalyşýarlar. Howly jaýlarda bolsa, adamlar peçlerde odun ýakyp ýylylyk üpjünçiligini ýola goýmaga synanyşýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.


Çeşmeler Bereket etrabynyň çäginden geçýän iri gaz geçirijide ýerine ýetirilen düýpli abatlaýyş işleriniň geçen hepdäniň başynda tamamlanandygyny aýdýarlar.


“Muňa garamazdan, Balkanabat şäherinde we Türkmenbaşyda gazyň basyşy 65%-70% peseldi. Bu bolsa, çetki obalarda gaz üpjünçiliginiň ýola goýlup bilinmeýändigini aňladýar” diýip, ýerli gaz üpjünçilik edarasynyň hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Ol könelip, tas sandan çykyp barýan içerki iri turbalarda uly möçberlerde gaz syzmalarynyň hasaba alynýandygyny aýdýar.


“Türkmenbaşa çekilen turbalardaky gazyň tas 30 göterimi howa zyňylýar, uly ýitgi çekilýär” diýip, hünärmen duýdurýar.


Ol sowet ýyllarynda Aşgabatdan öňki Krasnadwosk (häzirki Türkmenbaşy) şäherine çekilen geçiriji ulgamynyň Bereket etrabynyň çäginden geçýän bir şahasynda 30 ýylyň dowamynda ilkinji gezek abatlaýyş işleriniň geçirilendigini aýdýar.


“20 kilometrlik gaz geçirijini 30 ýyl diýende täzeläp berdiler. Bu geçiriji sowet ýyllarynda gurlan Aşgabat-Krasnawodsk gaz geçirijisiniň bir bölegi bolup, onuň 20 kilometrlik bölegi düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdi” diýip, hünärmen aýdýar we sebitiň çägindäki geçirijileriň agramly böleginiň bejerişe mätäçdigini sözüniň üstüne goşýar.


Türkmenistanda gaz geçirijiler arkaly ilatyň gaz üpjünçiliginiň ýola goýulmagy, esasan garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirildi. Sowet ýyllarynda köp sanly hojalyk gaz balonlary bilen ýangyç zerurlygyny kanagatlandyrýardy.




Ýerli hünärmen sebitlerde turbalaryň täzelenilmegi bilen ýylylyk meselesini çözüp boljakdygyny, galyberse-de, gaz syzmalarynyň, şol sanda metan zyňyndylarynyň hem öňüne geçip boljakdygyny aýdýar.


Türkmenistanda gaz desgalarynyň howany hapalamagy, uly möçberlerdäki metan gazynyň howa zyňylmagy halkara barlaglar bilen tassyk bolýar. Bu ýurt 2023-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy.


Ýaňy-ýakynda ýerli metbugat serişdeleri Türkmenistanda 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende metan zyňyndylarynyň möçberiniň häzirki wagtda 10 göterim azaldylandygyny habar berdi.


Global metan borçnamasy dünýädäki metan syzmalaryny 2030-njy ýyla çenli 30 göterim azaltmagy meýilleşdirýär.


Balkanly ýaşaýjylar turbalaryň çüýremegi sebäpli, gaz basyşynyň peselmeginden, munuň netijesinde bolsa, ýylylyk üpjünçiliginiň bökdelmeginden ejir çekýän mahaly, hünärmenler köne geçirijilerde hasaba alynýan syzmalaryň daşky gurşawa zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.


Nebit-gaz resmilerine görä, Türkmenistan 2022-2028-nji ýyllar aralygynda içerki gaz geçiriji ulgamlaryny giňeltmegi, şol sanda uzynlygy 118 km bolan Şatlyk – Garagum, 124 km-lik Garagum – Malaý gaz geçirijilerini gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, Naýyp – Derýalyk, hem-de Döwletabat – Derýalyk gaz geçirijileriniň arasynda uzynlygy 58 km boljak täze bir gaz geçirijini gurmagy göz öňünde tutýar. Bulardan başga-da, resmiler Merkezi Aziýa – Merkez III gaz geçiriji ulgamynyň 342-527-nji km aralygynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdýarlar.


Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda ilatyň gaz üpjünçiliginiň peselmegi boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.