ru24.pro
World News
Ноябрь
2024
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30

ÝB we Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesiniň masalahatyny edýär

0
20-nji noýabrda, Hazarüsti transport geçelgesini kämilleşdirmek üçin, ÝB utgaşdyryş platformasynyň çäginde onlaýn maslahaty geçirildi diýip, “Türkmenportal” habar berýär. Bu maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, halkara maliýe guramalarynyň we daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy.


Türkmenistan tarapyndan maslahata ýurduň Ulag we aragatnaşyk gullugynyň, Türkmendemirýollary gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Palwanow gatnaşdy.


ÝB tarapyndan bu çäre Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygynyň Baş müdirligi (DG INTPA), Aziýa Ösüş Banky (ADB) we Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky (EBRD) ýaly halkara maliýe guramalary, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi we Aşgabatdaky beýleki daşary ýurt missiýalary wekilçilik etdi.


Onlaýn seminaryň esasy maksady Türkmenistanyň ileri tutulýan transport taslamalaryny we olary halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.


Seminara gatnaşanlar, Hazarüsti geçelgesiniň geçiriş mümkinçiligini ýokarlandyrmak we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak üçin, sebitiň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň zerurlygyna ünsi çekdiler.