ru24.pro
World News
Ноябрь
2024

Türkmenistan hasabat bermegiň sanly platformasyny işe girizýär

0
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti telekeçilere we ýuridiki şahslara statistiki hasabatlaryny elektron görnüşde bermäge mümkinçilik berýän “E-Stathasabat we işewür-registri” atly täze sanly platformasyny işe girizdi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.


Habarda sbr.stat.gov.tm web-saýtyndaky hyzmatyň resminamalary statistika edaralaryna barman ibermek mümkinçiligini berýändigi aýdylýar.


Statistika baradaky döwlet komiteti 19 edarany we 2 bölümi, welaýatlardaky we Aşgabat, Arkadag şäherindäki Baş statistika edaralaryny özünde jemleýär diýip, resmi habarda bellenýär.


Bu platforma Türkmenistanyň sanly ulgama geçmeginde we ykdysady ösüşinde “düýpli öňegidişlik” hökmünde häsiýetlendirilýär.