Moldowanyň Günbatara tarapdar lideri Maýa Sandu ikinji möhlete prezident saýlandy
Russiýanyň gatyşmagy we saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalara garamazdan, Moldowanyň Günbatara tarapdar prezidenti Maýa Sandu ikinji möhlete saýlandy.
Onuň ýeňşi ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky ýolda gazanan aýgytly ädimi boldy.
Sesleriň tasdan ählisiniň sanalmagy bilen, deslapky netijeler Sandunyň 55,4% ses alandygyny, onuň Russiýa dosty bolan garşydaşy Aleksandr Stoýanoglonyň 44,6% ses alandygyny görkezdi.
"Moldowa, sen ýeňdiň!" diýip, Sandu 4-nji noýabr güni irden aýtdy.
"Eziz moldowalylar, siz bu gün taryh kitaplaryna ýazylmaga mynasyp demokratiýa sapagyny berdiňiz. Siz bu gün Moldowany halas etdiňiz! Biziň mertebeli geljegi saýlamakdaky seçgimizde hiç kim utulmady" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Günbatar liderleri Sandunyň ýeňşini gutladylar we munuň Moldowanyň Ýewro-Atlantik integrasiýasyna barýan ýoluny gowulandyrmaga kömek etjekdigini bellediler.