ru24.pro
World News
Октябрь
2024

Çilim çäklendirmeleri ýurduň temmäki önümlerinden doly saplanmagyna alyp gelmedi - ýerli ýaşaýjylar

0
Türkmenistan ýene-de iki ýarym aý çemesi wagtdan temmäki önümlerinden doly saplanmagy göz öňünde tutýardy. Bu ugurda ýörite maksatnama hem kabul edilipdi. Ýöne ýerli ýaşaýjylar ýurtda girizilen çilim çäklendirmeleriniň temmäkiden doly saplanmaga az goşant goşandygyny aýdýarlar.


“Otly bilen welaýatlardan paýtagta gelýän käbir ýolagçylar, otly menzilinde çilim çekere ýer tapman, golaýdaky ýaşaýyş jaýlaryna bukulyp, ilkinji nobatda çilim çekmek bilen başagaý bolýarlar” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.




“Sebäbi gije-gündiz ýol söküp, paýtagta gelýän raýatlara otluda we otly menzilinde çilim çekmäge asla rugsat berilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.


Ýerli ýaşaýjylara görä, paýtagtyň halkara howa menzilinde çilim çeker ýaly ýörite ýerler göz öňünde tutulmansoň, käbir ýolagçylar howa menziliniň töwereginde polisiýadan ogrynça çilim çekmek bilen gümra bolýarlar we ele düşen halatlarynda jerime töleglerine sezewar edilýärler. Şeýle wakalara ýygy-ýygydan duş gelinýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary çilim çekýän birnäçe türkmenistanly bilen gürrüňdeş bolup, olaryň hususan-da paýtagt Aşgabatda ýüzbe-ýüz bolýan durmuş tejribeleri barada maglumatlary paýlaşýarlar.


Olar temmäki önümlerine garşy barlyşyksyz göreşmek boýunça ýörite maksatnamalar kabul edilen ýurtda polisýa işgärleriniň adamlaryň çilim çekip biläýjek ýerlerinde gözegçiligi has-da güýçlendirýändiklerini aýdýarlar.


“Häkimiýetler çilimkeşleriň baryp biläýjek ýerlerinde raýat eşiginde garaşyp durýarlar we kimdir biri ol ýere baryp çilimini otlan badyna, dessine özüni polisiýa hökmünde tanyşdyryp, polisiýa bölümine alyp gidýärler” diýip, bir paýtagtly ýaşaýjy aýdýar.


Jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekip, ele salnan adamlar administratiw jerime töleglerine sezewar edilýärler. Temmäki önümlerini sarp edýän adamlar polisiýa işgärleriniň ýurtda girizilen çilim gadaganlygyndan öz bähbitlerine, raýatlardan para almak üçin peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.


“Paýtagtyň köçelerinde ele salnan çilimkeşler polisiýa işgärlerine nagt pul berip, başyny halas etmäge howlugýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.


Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça üç ýyl möhlet bilen kabul edilen milli maksatnama ýene iki ýarym aýdan, 2025-nji ýylda tamam bolýar. Şu we şuňa meňzeş beýleki käbir maksatnamalar bilen baglylykda Türkmenistanda edara-kärhanalar, iş ýerlerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde, howa we otly menzillerinde çilim çekýän adamlar üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulmaýar.


“Öňki sowet ýurtlarynda hem edara-kärhanalarda çilim çekýän adamlar üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulýar. Jemgyýetçilik ýerlerinde hem ýörite çilim çekilýän ýerler gurnalýar. Ýöne Türkmenistana gezek gelende ýagdaý düýbünden başgaça” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde öz tejribelerini paýlaşýar.


Temmäki çäklendirmeleriniň fonunda ýurtda soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda çilim söwdasy berk döwlet gözegçiligi astynda alnyp barylýar.




2016-njy ýylda temmäki önümleriniň söwdasy boýunça ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.


Ýurtda temmäki önümlerine degişli gümrük, salgyt we beýleki goşmaça tölegler hem yzygiderli ýokarlandyrylýar.


Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan goşmaça gümrük tölegleri 116 %-den 145 %-e çenli ýokarlandyryldy.


Bir ýyl ozal, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bolsa, degişli tölegler 93 %-den 116 %-e çykarylypdy.


Şeýlelikde, iki ýylyň dowamynda çilimiň goşmaça gümrük tölegleri 55 % ýokarlandy.


Has ozal, Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy ýerine ýetirildi.


2014-nji ýylda ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow temmäki önümlerine garşy göreşmekde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sylagyna mynasyp görüldi.


Şonda dünýä saglyk guramasy çilim çekmegiň ilat arasynda ýaýramagynyň derejesi boýunça Türkmenistany Ýewropa sebitinde iň pes görkezijä eýe bolan ýurt hökmünde yglan etdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.