Özbegistanyň howpsuzlyk güýçlerinde "arassalaýyş". Mirziýoýew ýokary derejeli resmileriň birnäçesini wezipesinden boşatdy
Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) başlygy Abdusalom Azizow 23-nji noýabrda wezipesinden boşadylandan soň, täze wezipä bellenmändir. Bu barada prezident Şawkat Mirziýoýewiň metbugat sekretary Şerzod Asadow mälim etdi. Şol aralykda, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri Azizowdan başga-da, hökümetden, DHG-den we Içeri işler ministrliginden, azyndan bäş sany ýokary wezipeleri eýeleýän gullukçynyň işinden boşadylandygyny habar berdiler. DHG-niň ozalky başlygy "işgärler rezerwine” geçirilipdi. Читать дальше...