Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
Türkmenistanda demir ýol ulgamyndaky problemalaryň ýitileşýändigi, onuň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy göze dürtülýär. Bu ýagdaý, raýatlaryň hem barha köp ünsüni özüne çekýär. Olar sosial torlarda demir ýollaryň howply bölekleriniň suratlaryny paýlaşyp, bu ýagdaýlara alada bildirýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 26-njy noýabrda Aşgabatdan beren maglumatyna görä, bu suratlaryň arasynda demir ýoluň çat açan ýa-da onuň ýokarsyndaky galyň demir örtükleriň ýukalyp, bölünendigini görkezýän şekiller bar. Читать дальше...